Aşgabat we Bişkek elektrik energiýasyny ibermegiň möhletini uzaltmak meselesini ara alyp maslahatlaşdy

16:3208.05.2024
0
12135

3-6-njy maý aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Energetika ministrlikleriniň wekilleriniň arasynda gepleşikler geçirildi. Gepleşiklerde gyrgyz wekiliýetine «Gyrgyzystanyň Milli elektrik ulgamy» AGPJ-niň baş direktory Altynbek Rysbekow ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň habar berýär.

Duşuşyklaryň dowamynda taraplar energetika pudagynda türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň dowamly ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli şertlerde 2025-nji ýylda Türkmenistandan Gyrgyzystana elektrik energiýasyny ibermek baradaky şertnamany uzaltmak meselesine garaldy.

Altynbek Rysbekow türkmen wekiliýetine Gyrgyzystanyň maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlanylyp, iýun aýynda Wenada geçiriljek Halkara energetika forumy barada habar berdi. Türkmen tarapy Bütindünýä bankynyň we Awstriýanyň hökümetiniň goldawy bilen guraljak bu çärä gatnaşmaga çagyryldy.

Ýeri gelende ýetlatsak, mundan ozal 2024-nji ýylda Gyrgyzystanyň Türkmenistandan 1,7 milliard kWt/s elektrik energiýasy import etmegi maksat edinýändigi habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň