Köýtendaga gyşda-da gelip görüň!

0
3319

Köýtendaga gyşda ýoluňyz düşüp gördümi?! Aslynda, daga gezelenç etmek, köplenç, ýazda ýakymlydyr welin, gyşyň hem özüne ýetik gözelligi, özüne mahsus lezzeti bar. Onsoň gyşlary, esasan, maýylganlyk bilen geçýän ýurdumyzda ak paslyň hakyky tagamyndan dadyp görmek üçin häzirki günleriň amatly wagt. Şol gün muňa özümiz hem göz ýetirdik.
Paýtagtdan gelen kärdeşlerimiz bilen gyşky Köýtendaga syýahat etmek hem-de onuň gözelligini «mawy ekrandyr» gazet sahypalary arkaly paýlaşmak maksady bilen «Niredesiň, Köýtendag?!» diýip ýola düşdük. «Gyşyň güni — kyrk tüýsli...». Türkmenabatdan ugran günümiz-ä howa hiçneneň däldi welin, niçikmi, dagyň belentliklerine dyrmaşmaly günümiz gögüň ýüzi garalyp dur. Ýogsa-da, ir bilen ýagşyň düşlän dynç alyş nokadymyzyň beton howlusynda we üçekde çalýan «sazyna» oýandyk. Baý-bow, gör-ä muny! Tebigat: «Al, saňa gyşky Köýtendag!» diýýäne çalymdaş. Penjireden göz aýlap, asla, daşa çykasyň gelenok.
...Ýöne ýyljak içerdäki pikirlerimiz bizi aldan eken. Daşaryk çykan dessimize arassa howany demimize sorduk. Deňiz derejesinden 700 metrlik beýikde ýerleşýän Köýten obasy daňdanky ýagşa ýuwnup, has hem gözel görünýär. Ini-boýy 600 metre çenli ýetýän Ketdeköl-ä juda joşup, hanasyndan daşaýjak bolýar. Ýekeje kynçylyk — ümür. Bu goýry dumanda daga çykyp, ýolbeletden ýa ýoldaşlaryňdan 10 — 15 metr uzaklaşaýsaň, soň olary tapmak hyllalla boljak. 
Iki sany «Pradany» biri-biriniň yzyna tirkeşdirip, Köýten obasyndan Dinozawrlar belentligine sary ýola düşdük. Ulagyň içinde bildirenok welin, ýokary galdygyňça, howanyň temperaturasy düşýär. Dag ýolunyň kä ýerini goýy basyp, kä ýerinden sowlup geçen ümür bolsa heniz-heniz sowlarly däl. Ümrüň saýpallan ýerlerinde gyşky Köýtendagyň ajaýyp görnüşi görünýär. Ol bu gözelligi ilkinji gezek synlaýan kärdeşlerimiz üçin-ä has hem täsin. Üstesine, «Köýtendag» tebigy goraghanasynyň ylmy işgäri Şanyýaz Meňliýewiň tapýan täsinden-täsin rowaýaty gürrüňleri bu jelagaýlary, tüýs bir, keramatly ýere öwräýýär.
Ine-de, ady gadymy jandarlaryň — dinozawrlaryň ady bilen dünýä dolan Hojapil obasy we obanyň dag bilen birleşýän ahyrky nokady. Baý-bow! Bärde-hä, hakyt, gar ýagýar.
— Be, 2020-nji ýylyň ilkinji garyny tutuş ýurdumyzda biz birinji bolup, göräýdik öýdýän — diýip, kärdeşlerimiziň biri degişdi. Ol mamla! Biz Türkmenabat, Aşgabat, hatda dagýaka obalary bilen jaňlaşyp durus. Hiç ýerde-de gar ýaganok. Gaýtam, paýtagt bilen welaýat merkezindäkiler howanyň açykdygyny, ýazyň güni ýalydygyny aýdýarlar. Bärde bolsa...
Göwnüňe bolmasa, gyş diňe Köýtendaga gelen ýaly...
— Gardan, ümürden heder etmäň, oglanlar! Esasy zat, belentlige çykyp, bu gözelligi ýokardan synlamak — diýip, kärdeşlerimiziň biri seslendi. Şanyýaz aganyň ýolbeletliginde biz daga dyrmaşyp başladyk.
Şahyryň «Dag ýoluna... belet bol» diýen sözlerine şu gün-ä has çuňňur düşünen bolsam gerek. Dinozawrlar belentligine çenli bar maksadymyz: ho-ol öňden barýan Şanyýaz agany gözden salmazlyk. Bu belentlige ozaldan belet hem bolsaň, şony gözden saldygyň ümrüň içinde ugruňy ýitirjegiň gümana däl. Her niçik hem bolsa, aýlaw-aýlaw dag ýollary bizi gadymy jandarlaryň mundan millionlarça ýyl ozal goýup giden yzlarynyň üstünden eltdi.
Elhepus, daşa dönen yzlar gyşda has hem gözel görünýän eken-ä! Hol, beýikden akyp gelýän ýagyş suwy bu yzlary birme-bir yzarlap, soňam has uly daşlaryň arasyna siňip gidýär. Ýöne has uly gözellik daş-töwerekde eken. Bize şu belentlige çenli hemra bolan ümür, edil ozalyndan sargyt edilen ýaly, birsalym syryldy-da, gögüň bir ýerlerinden Gün parlap çykaýmazmy?
Men bu gözelligi ýazyp beýan ederden ejiz. Gowusy, ony şu ýazgylar bilen ugurdaş suratlardan synlaň! Ýöne bir zady aýdyp biljek. Käte Internetde ýa-da gazet-žurnallarda gaýry ýurtlaryň daglarynyň gyşky gözelligini synlap, öz ýanymyzdan haýran galýarys. Ynanyň, şeýle, hatda olardan hem zyýada gözellik öz ýurdumyzda, Köýtendagda bar. Ak telpek geýen daglaryň döşi gyzyl-ýaşyl öwsüp, şeýle bir gözel görünýär welin, hemme zady gözleriňde müdimilik alyp galaýasyň gelýär. Gözellikden ganmak barada gürrüňem ýok. Meşhur aýdymdaky ýaly:
    «Bu dünýede jennet bolsa,
    Meger, begler, şu jennetdir!»
— diýip hiňleniberesiň gelýär. Bu görnüşler az salymdan ýene-de goýy ümrüň aňrysynda gizlendi.
Tüýs ýürekden aýdýan, ýazyňam öz ýaraşygy bar welin, Köýtendaga gyşda-da bir gelip görüň! Ine, şonda ertekilerden, hyýallardan gözleýän gözelligiňize hakyky durmuşda gabat gelersiňiz.
Dag ýaly belentlige (Şanyýaz aga aýtmyşlaýyn, deňiz derejesinden 1 kilometr ýokary çykdyk) başgapsyz çykmagyň almytyny alyp, ümürde az salym azaşyp gören hem bolsak, dagdan inip gelýän ýagyş suwy şähere werdiş aýakgabymyzy ýagşyja yzgarlan hem bolsa, gören, şaýat bolan gözelligimiz ähli zadyň üstüni örtdi.
— Üns berdiňizmi, daglylar öz ýaşaýan ýerlerini diýseň gowy görýärler. Olara giň sähra-da, kaşaň şäherem gerek däl. Dag bolsa bolany. Bu gözelligi görüp, olar bilen ylalaşasyň gelip dur — diýip, aşak düşüp gelýärkäk kärdeşlerimiziň biri aýtdy.
Ol-a daglylar bilen, menem kärdeşim bilen ylalaşýaryn. Ýylyň her paslynda bir aýratynlyk bilen köňlüňde gala gurup duran dagdan örküňi üzüp bolanok. Bu sebitlere gezelenje gelenleriň «Pylan wagt ýene gelerin» diýip gitmesi, megerem, şonuň üçindir.
Syýahatçylyk mümkinçilikleri örän uly bolan Köýtendag hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen dünýä giňişliginde ýyldan-ýyla has adygýar. Ýakyn geljekde bu ýerde-de edil Awaza ýaly syýahatçylyk merjeni dörär diýseň, hiç kim şübhelenmez. Çünki ýazda, tomusda ýoluňyz düşen bolsa, Köýtendagda gaýry ýurtlularyň kändigini sizem görensiňiz. Olar hem yzyna, edil biz ýaly, «Ýene gelerin!» diýip dolananlardan.
Kyrkgyz deresinde, arnap tokaýlygynda, Köýtendagyň beýleki ýerlerinde gören-eşidenlerimiz barada ýazyp, gürrüňi uzaldyp oturmagyň hajaty ýok. Dagyň ähli ýeri gözel. Eşiden, okan gören bilen deň bolýarmy näme? Iň gowusy — gelip görmek.

Agageldi ITALMAZOW.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar