Soňky habarlar

Arhiw

Dalaşgärler nähili iýmitlenmeli?

0
3103

Ýokary okuw mekdebine giriş snagy durmuşymyzda ykbal kesgitleýji öwrümleriň biri bolup durýar. Şonuň üçin hem biziň her birimiz bu synagda ýokary netijeleri gazanyp, talyplyk bagtyna miýesser bolmaga jan edýäris. Emma synaglardan geçip bilmeklik hem yhlasly okamagy, taýýarlanmagy talap edýär, hem-de iýmitlenişimize üns bermekligi baş wezipe edip öňümizde goýýar. Çünki synag – munuň özi uly bir ýaryş. Şol ýaryşa bolsa özümizi ähli babatda seýisläp gatnaşmaly. Eýsem, giriş synaglarynda üstünlik gazanmak üçin nähili iýmitlenmeli?

Türkiýäniň Uludag uniwersitetiniň iýmit gigiýenasy we tehnologiýasy bölüminiň müdiri prof.dr.Mustafa Taýar  www.dikkatetmeliyiz.wordpress.com atly internet saýtynda ýokary okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşýan dalaşgärlerde synag wagtynda emele gelýän aljyraňlylygyň, gorkynyň, dartgynlylygyň, ýürek bulanmagynyň we beýleki birnäçe oňaýsyzlyklaryň diňe iýmitlenişimize berilýän ünsüň pesligi sebäpli ýüze çykýandygyny belläp geçýär. Çünki beden agramynyň 2 – 3%-ine deň bolan beýnimiz gündelik alynýan kaloriýanyň ortaça 30%-ini sarp edýär. Beýnimiziň işjeňligini artdyrmak we ýatkeşligimizi güýçlendirmek üçin bolsa dogry iýmitlenmek zerurlygy döreýär.

Eýsem, munuň üçin näme etmeli?

Ertirlik edinmegi ýatdan çykarmaň!

Ertirlik diňe bir synag tabşyrýan dalaşgärler üçin däl, eýsem, ähli adamlar üçin hem güne gowy başlamak we şol günki işleriň ugruna bolmagy üçin hökmany şertleriň biri hasaplanylýar. Emma dalaşgärlerde synag güni dartgynlylygyň we aljyraňlylygyň netijesinde işdäsizlik döreýär we bu ýagdaý ertirlik edinmek islegini pese gaçyrýar. Şonuň üçin hem olar köplenç halatda ertirlik edinmän synaga girýärler. Bu bolsa dalaşgärleriň başarnygyny kemeldýän iň uly ýalňyşlykdyr. Şonuň üçin işdäňiz bolmasa-da, ýokumly iýmitlerden iýmäge çalyşyň. Ýagly naharlardan çetde duruň. Sebäbi açlyk beýniniň işjeňlik potensiýalyny azaldýar.

Süýji we şokolad iýmeklik maslahat berilmeýär

Synag başlamazdan öňürti süýji ýa-da şokolad iýmek indi dalaşgärlerde adaty ýagdaýdyr. Emma bu önümler gandaky şekeriň mukdaryny birden artdyrýar. Şonuň üçin hem olar beýniniň şeker zerurlygyny doly üpjün edip bilmeýär. Gaýtam, tersine gandaky şekeriň mukdary birden artýar we birdenem peselýär. Netijede bolsa ganyň konsentrasiýasynyň düşmegi sebäpli ukusyzlyk emele gelýär. Beýle ýagdaýlaryň döremezligi üçin iň gowy çözgüt ol hem ertirlikde ganyň şekerini yzygiderli deňagramlylykda saklaýan süýt, çörek, miwe, ýumurtga, peýnir önümlerini iýmekdir.

Şöhlatdan, kakmaçdan, çaý we koladan uzak duruň!

Synaga girmezden öň şöhlat,  kakmaç, kakadylan balyk ýaly duzly we ajy önümler synagyň dowamynda teşneligiň döremegine sebäp bolýar. Suwuň köp içilmegi bolsa degişlilikde dalaşgäriň tiz-tizden hajathana gitmek zerurlygyny artdyrýar. Netijede onuň ünsi bozulýar. Mundan başga-da, synaga taýýarlyk döwründe aşa köp çaý, kofe we kola içmeklik ýürek urşunyň tizligini artdyrýar, şeýle hem dartgynlylyk, gorky, gaýgy ýaly duýgularyň döremegine getirýär. Şonuň üçin hem dalaşgärlere C witaminine baý önümlerden taýýarlanylan içgileri içmeklik maslahat berilýär.

Kişmişi, erik kakyny, hozy, pissäni hem ýatdan çykarmaň!

Synaga girmezden öň ýokarda ady agzalan önümler bedenimizde çylşyrymly uglewodlara bolan zerurlygy doly üpjün edýär. Mundan başga-da, dalaşgärler dogry iýmitlenmek babatynda ýene-de bir zada aýratyn üns bermelidirler. Ol hem tomus aýlary howanyň yssy bolýanlygy sebäpli iýmit zäherlenmesiniň ýüze çykmagydyr. Şonuň üçin hem dalaşgärler synaga 1-2 gün galanynda mümkin bolsa, nätanyş tagamlary datmazlyga, öýde bişýän naharlardan başga tagamlary iýmezlige çalyşmaly. Çünki synag güni siziň saglyk ýagdaýyňyzyň gowy bolmagy ýokary okuw mekdebine talyplyga kabul edilmek mümkinçiligiňizi artdyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar