2018: MÖHÜM SPORT WAKALARY

0
1889

2018-nji ýylda ähli ugurlarda bolşy ýaly, sport ulgamynda-da iňňän uly ösüşler gazanyldy. Güneşli diýarymyzda iri halkara ýaryşlary geçirildi. Türkmen türgenleri birnäçe halkara ýaryşlarda netijeli çykyş edip, uly üstünliklere eýe boldular.

BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynyň 82-nji mejlisinde 3-nji iýuny – Bütindünýä welosiped güni diýlip bellenildi. Dünýä metbugatynda giň seslenme döreden bu taryhy waka 3-nji iýunda giňden bellenilip geçildi. Bu halkara çärä ähli türkmenistanlylar hem işjeň gatnaşdylar.

 

AMUL – HAZAR 2018

Garagum sährasynyň ajaýyp gözellikleri bilen utgaşan bu halkara ralli bäsleşigine dünýäniň çar künjeginden belli-belli awtoulag şereketleriniň ýeňil, ýük ulaglary gatnaşdy. Olara dünýä belli sürüjiler erk etdiler. 5 tapgyrdan ybarat bolan halkara ýaryş Lebap welaýatyndan badalga alyp, ýurdumyzyň günbatar nokadynda, jana şypaly Awaza syýahatçylyk zolagynda tamamlandy. Ekologik ýaryşlaryň hataryna goşulan bu rallide türkmen türgenleri-de üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular.

 

AGYR ATLETIKA BOÝUNÇA DÜNÝÄ ÇEMPIONATY

Agyr atletika boýunça 84-nji dünýä çempionaty biziň gözel paýtagtymyzdaky ajaýyp Olimpiýa şäherçesiniň çäklerinde ýerleşýän Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirildi. Gatnaşýan ýurtlaryň, türgenleriň sany boýunça rekord görkezijilere ýeten bu çempionatyň iň esasy aýratynlygy-da täze agram derejeleriniň maksatnama girizilmegidir. 10 günläp dowam eden bu çempionatda 70-den gowrak dünýä rekordy goýuldy. Medallaryň sanawynda-da hytaýly agyr atletikaçylar birinji orny eýelediler.

 

AFK-nyň KUBOGY

Sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, türkmen futboly-da taryhyndaky iň uly sepgitleriň birine ýetdi. «Nebitçi» we ozalky HTTU toparlarynyň AFK-nyň Prezidentiniň kubogy ýaryşynda ýeňiji bolmagy uly üstünlik bolupdy. Ýöne yklymyň iň uly 2-nji bäsleşiginde «Altyn asyryň» finala çykyp, ýaryşyň kümüş medalyny almagy has guwandyryjy wakadyr. Şol birwagtyň özünde aragatnaşykçylar milli çempionatymyzda-da yzly-yzyna 5-nji gezek çempionlyk gazanyp, bu ugurda ýurdumyzyň rekordyny hem goýdy.

 

ÇARWADARLARYŇ BÜTINDÜNÝÄ OÝUNLARY

Gyrgyzystanyň Çolpan-Ata şäherinde geçirilen III Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynda-da türkmen türgenleri nobatdaky gezek üstünlikli çykyş etdiler. Ildeşlerimiz bu ýaryşda 10 altyn, 5 kümüş, 12 bürünç jemi 27 medal gazandylar. Sportuň milli görnüşleriniň arasynda geçirilýän Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlary ýylsaýyn uly abraýa eýe bolýar.  

 

HOKKEÝ BOÝUNÇA DÜNÝÄ ÇEMPIONATY

Hokkeý boýunça Bosniýa we Gersegowinada geçirilen dünýä çempionatynyň III diwizionynyň saýlama tapgyrynda diýseň üstünlikli çykyş etdi. Ildeşlerimiz geçiren 3 duşuşygynda-da uly hasaply ýeňişler gazandy. Türkmen hokkeýçileri degişlilikde, BAE-ni 4-0, Kuweýti 24-2 hem-de Bosniýa we Gersegowinany 13-3 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar edip, geljek ýyl geçiriljek çempionatyň III diwizionynda çykyş etmek hukugyna eýe boldy.

 

TOMUSKY AZIÝA OÝUNLARY

Indoneziýanyň paýtagty Jakarta hem-de Palembang şäherlerinde yklymyň iň uly sport çäresi bolan Aziýa oýunlarynyň 18-njisi geçirildi. Yklymyň ähli ýurdundan 12 müňe golaý türgeniň gatnaşan oýunlarynda ildeşlerimiz hem 3 medal gazandy. Türkmen türgenleri bu oýunlarda 1 kümüş, 2 bürünç medala mynasyp boldular. Umumylykda medallaryň sanawynda hytaýlylar 132 altyn, 92 kümüş, 65 bürünç medal gazanyp, 1-nji orny eýelediler. 

 

DÜNÝÄ KUBOGY TÜRKMENISTANDA

Futbol boýunça iň uly bäsleşik hasaplanýan FIFA-nyň dünýä kubogy iýun-iýul aýlarynda Russiýa Federasiýasynda geçirildi. Bir aýlap dowam eden çempionata 32 döwletiň ýygyndysy gatnaşdy. Garaşylmadyk netijeleriň hasaba alnan çempionaty Fransiýanyň 20 ýyldan soň gazanan 2-nji çempionlygy bilen tamamlandy. Taryhynda ilkinji gezek finala çykan Horwatiýanyň ýygyndysy köpleriň gyzgyn söýgüsini gazandy. «FIFA World Cup Trophy Tour» atly çäräniň çäklerinde dünýä kubogynyň Ýer ýüzüne syýahat etdirilip, fewral aýynda Aşgabada getirilendigini aýtmak gerek.

 

GYŞKY OLIMPIÝA OÝUNLARY

Her 4 ýyldan 1 gezek guralýan gyşky Olimpiýa oýunlarynyň nobatdakysy, has takygy, XXIII Olimpiada Günorta Koreýanyň Phýonçhan şäherinde geçirildi. Iki hepdeläp dowam eden bu sport baýramçylygynda birnäçe rekordlar goýuldy. Medallaryň sanawynda-da öňdäki orunlar ugrunda ýiti göreş boldy. Netijede, 14 altyn medal alan Norwegiýa bilen Germaniýa 1-2-nji orunlary paýlaşdylar. Norwegler kümüş medalda öňe saýlanyp, 1-nji ýeri eýeledi. Kanadaly olimpiýaçylar 3-nji orna mynasyp boldy. 

 

ÝETGINJEKLERIŇ OLIMPIÝA OÝUNLARY

Oktýabr aýynda Argentinanyň paýtgaty Buenos-Aýresde geçirilen ýaşlaryň arasyndaky III tomusky Olimpiýa oýunlary-da 2018-nji ýylyň iri sport çäreleriniň biri boldy. 12 günläp dowam eden bu oýunlarda geljekki Olimpiadaçylar çykyş edip, oňa 206 ýurtdan 4 müňe golaý türgen gatnaşdy. Olar sportuň umumylykda 32 görnüşi boýunça özara bäsleşdiler. Ildeşlerimizden 10 ýaşajyk türgen gatnaşyp, uly tejribe topladylar. Medallaryň sanawynda Russiýaly Olimpiýaçylar 29 altyn, 18 kümüş we 2 bürünç, jemi 59 medal bilen 1-nji ýeri eýeledi. Hytaýlylar 2-nji, ýaponlar 3-nji orna mynasyp boldy.

 

Taýýarlan Hajymyrat SÖÝÜNOW.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar