Birleşen Milletler Guramasy A/72/L.43
Baş Assambleýa
Ýetmiş ikinji sessiýa
Gün tertibiniň 11-nji bölümi
Sport parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine:
sport we olimpiýa hereketleri arkaly dünýäde parahatçylygy tassyk etmek we
has bagtyýar durmuşy esaslandyrmak
Baş Assambleýa,
2005-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda 60/1 belgili we 2010-njy ýylyň 22-nji sentýabrynda 65/1 belgili Kararnamalarda Müňýyllygyň Jarnamalarynda beýan edilen ösüş babatdaky maksatlara ýetmäge sportuň goşandy barada aýdylanlary ykrar edip,
hususan-da, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş babatdaky gün tertibinde sportuň durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biridiginiň ykrar edilendigini ýatladyp,
ähli derejelerdäki, şol sanda köpugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň çäklerinde ösüş babatda maksatlaryň halkara derejede gazanylan ylalaşyklaryna, şol sanda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň öňe süren wezipelerine ýardam bermek we dünýä medeniýetini kemala getirmek üçin welosipediň mümkinçiliklerini doly peýdalanmagyň, bu ugurdaky tagallalary berkitmegiň we olary işjeň utgaşdyrmagyň zerurdygyny nazara alyp,
1998-nji ýylyň 15-nji dekabryndaky 53/199 we 2006-njy ýylyň 20-nji dekabryndaky 61/185 halkara ýyllary yglan etmek hem-de 1980-nji ýylyň 25-nji iýulynda Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň 1980/67 belgili Kararnamalaryny, hususan-da, oňa goşulan 1 — 10-njy bölümleri, halkara ýyllary yglan etmegiň ylalaşylan ugurlary we onuň 13-nji hem-de 14-nji bölümleri bilen baglanyşykly hem-de halkara günüň ýa-da ýylyň ony guramak hem-de maliýeleşdirmek üçin zerur bolan esasy çäreleriň kabul edilýän pursadyna çenli yglan etmezlik ýaly Kararnamalary tassyklap,
Birleşen Milletler Guramasynyň 2016-njy ýylyň 17 — 20-nji oktýabrynda Kito şäherinde geçirilen ýaşaýyş jaýlary we durnukly şäher ösüşi (Habitat III) boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Konferensiýasynda kabul edilen şäherleriň ösüşiniň Täze maksatnamasyna salgylanyp,
indi iki ýüz ýyl bäri ulanylýan hem-de ýönekeý, elýeterli, ygtybarly, ekologiýa taýdan arassa we ulagyň kabul ederlikli görnüşi, onuň ulanylmagynyň daşky gurşawa aýawly çemeleşmäni, saglygy goramagy şertlendirýän görnüşi bolan welosipediň ajaýyplygyny, çuňňur taryhyny we köpugurlylygyny tassyklap,
welosiped bilen welosipedçiniň arasyndaky gatnaşygyň işjeňligini şertlendirýän we onuň durmuşy ugruny nazarlaýan hem-de welosipedçä daşky dünýä göni goşulmagyna, şeýle hem welosipediň ösüşiň möhüm guraly bolup hyzmat edýändigini, onuň diňe bir hereket üçin däl, eýsem, paýhasa, saglygy goraýşa we sporta bolan elýeterliligi üpjün etmäge mümkinçilik berýändigini ykrar edip,
welosipediň ekologik ulagyň nyşany bolup durýandygyny, onuň oýlanyşykly ulanylmagynyň, önümçiliginiň zerurdygy, howa oňyn täsiriniň bardygy hakynda oýlanmaga mejbur edýändigini aýratyn belläp,
Birleşen Milletler Guramasynyň we oňa agza ýurtlaryň haýyşlary boýunça ýurt maksatnamalarynyň, olaryň sportuň we bedenterbiýäniň, şol sanda welosportuň kömegi bilen durmuş ösüşine ýardam bermek boýunça tagallalarynyň ornuny tassyklap,
parahatçylyga we ösüşe, daşky gurşawyň goraglylygyna, düzümleýin binýadyň ösüşine we beden ösüşine hem-de durmuş düzümine goldaw bermek maksady bilen welosipedli ýörişleri guramak boýunça maksatnamalary maliýeleşdirmekde döwlet-hususyýetçilik netijeli gatnaşyklaryna möhüm ornuň degişlidigini aýratyn belläp,
islendik çylşyrymly ýagdaýyň bardygyna garamazdan, parahatçylyk, birek-birege düşünişmek, dostluk, kanagatlylyk ruhunda iri halkara hem-de ýerli welosiped ýaryşlaryny guramagyň hem-de şeýle çäreleriň birleşdiriji we ylalaşdyryjy derejesine eýe bolmalydygyny belläp,
1. 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmegi karar edýär;
2. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň hemmesine, BMG-niň ulgamynyň guramalaryna we beýleki degişli halkara guramalara, şeýle hem halkara, sebitara we milli sport düzümlerine, raýatlyk jemgyýetlerine, şol sanda döwlete dahylly bolmadyk düzümlere, hususy pudaga we beýleki degişli gyzyklanma bildirýän taraplara Bütindünýä welosiped gününi geçirmek we şol güni dabaralandyrmak hem-de ol hakyndaky maglumatlary ýaýratmak işlerini geçirmegi teklip edýär;
3. agza döwletleri ösüşiň dürli ugurlarynda, halkara, sebit, milli we içerki milli syýasatda, ösüş boýunça maksatnamalarda welosiped mowzugyny goşmak arkaly oňa aýratyn üns bermäge çagyrýar;
4. şeýle hem tutuşlygyna saglygy goraýyş ulgamynda, şeýle hem maýyplygyň we ýokanç däl keselleriň öňüni almak ugrunda anyk netijeleri gazanmak maksady bilen, agza döwletleriň ýol hereketiniň howpsuzlygyny hem-de ony ekologiýa ýagdaýyny meýilnamalaşdyrmak we netijeli peýdalanmak hem-de ulag düzüminiň taslamalaryna goşulmagyny üpjün etmek, hususan-da, pyýada ýolagçylaryň, welosiped hereketiniň goraglylygyny işjeňleşdirmek, howpsuzlygyny ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri üpjün etmäge çagyrýar;
5. gyzyklanma bildirýän taraplary durnukly ösüşe ýetmegiň, bilimi, şol sanda bedenterbiýäni berkitmegiň, çagalaryň we ýaşlaryň bähbidini, saglygyny goramagyň, keselleriň öňüni almagyň, habarlylygy, birek-birege düşünişmegi hem-de hormat goýmagy üpjün etmek, dünýä medeniýetini kemala getirmekdäki durmuş tagallalaryna ýardam bermek babatda welosipedi şu maksatlara ýetmegiň möhüm serişdesi hökmünde wagyz etmäge we onuň ulanylyşyny işjeňleşdirmäge çagyrýar;
6. jemgyýetiň ähli agzalarynyň hatarynda welosipediň peýdasyny wagyz etmek üçin öňdebaryjy tejribäni we serişdeleri ulanmaga agza döwletleri çagyrýar hem-de şunuň bilen baglylykda, beden we psihiki sagdynlygy, özüňi duýşuňy gowulandyrmagyň möhüm serişdesi hökmünde milli hem-de ýerli derejedäki welosipedli ýörişleri guramagy, welosiped sürmegiň jemgyýetdäki medeniýetini kemala getirmegi oňlaýar;
7. Baş sekretardan bu Kararnamany agza döwletleriň we Birleşen Milletler Guramasynyň guramalar ulgamynyň dykgatyna ýetirmegi haýyş edýär;
8. şu Kararnamany ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly çäreleriň ähli çykdajylarynyň meýletin tölegleriň hasabyna ýapyljakdygyny nygtaýar.