Soňky habarlar

Arhiw

Asman gämileri: Russiýanyň raýat awiasiýasyna 100 ýyl boldy

0
48299

2023-nji ýylyň 9-njy fewralynda Russiýanyň raýat awiasiýasynyň döredilmegine 100 ýyl bolýar. Şu ýyllaryň dowamynda raýat uçarlarynyň özgeriş yzygiderligine nazar aýlamagy teklip etmek bilen, TASS habarlar agentliginiň materiallarynyň esasynda taýýarlanan makalany okyjylara ýetirýäris.

Surat: tass.ru

1913-nji ýyl. Awiakonstruktor Igor Sikorskiý tarapyndan döredilen «Русский витязь» we «Илья Муромец» uçarlary köp hereketlendirijili awiasiýanyň ösüşiniň başlangyjyny goýdy. «Илья Муромец» biplan uçary dünýä ýüzünde içki şerti elektrik yşyklandyryşly, ýyladyjyly, ýatylýan otagly we hajathanaly ilkinji uçar boldy.

1922-nji ýylyň 1-nji maýy. Ilkinji halkara howa ýolunyň — Moskwa — Kenigsberg ugrunyň açylyşy boldy. Ilkinji gezek poçta habarlary nemes şäherinden Moskwa demir ýoldan öňinçä, howa ýollary arkaly iberilip başlandy.

Surat: voenspez.ru

1922-nji ýylyň 10-njy maýynda rus-german howa aragatnaşyk jemgyýeti «Deruluft»-yň ýardamy esasynda ilkinji ýolagçy uçuşy boldy. Birinji hususy uçuşda ýolagçylar şahyr Sergeý Ýesenin bilen tansçy zenan Aýzedora Dunkandyr. Sowet şahyry Wladimir Maýakowskiý hem öz gezeginde1923-nji ýylyň 3-nji iýulyndaky syýahatyndan soň, «Moskwa — Kenigsberg» atly goşgusyny ýazdy.
1923-nji ýyl. SSSR-iň raýat awiasiýasynyň resmi döredilen senesi. Zähmet we Goranmak Geňeşiniň «Howa flotunyň Baş müdirligine howa raýat liniýalaryna tehniki gözegçiligi bellemek we raýat awiasiýasy geňeşini guramak barada» karary kabul edildi.

Şeýle hem bu ýylda «Aeroflot»-yň ozalky guramasy «Dobrolýot» döredildi.

1923-nji ýylda ýene bir möhüm waka hökmünde Moskwa — Nižniý Nowgorod aralygyndaky ilkinji içerki yzygiderli howa gatnawynyň açylmagyny bellemek bolar.

1924-nji ýyl. Tupolewiň konstruktorlyk býurosynda döredilen ilkinji sowet üç orunlyk ANT-2 uçary synag edilip başlandy.

Surat: tass.ru 

1925-nji ýyl. Nikolaý Polikarpowyň taslamasyna laýyklykda, agaçdan bäş orunlyk PM-1 ýasaldy. Uçar Moskwa — Leningrad we Moskwa — Berlin ugurlary boýunça gatnady.

1929-nji ýyl. Sowet soýuzynyň ilkinji üç motorly we köp oturgyçly uçary bolan ANT-9 synagdan geçirildi.

Şol ýylda SSSR-den ABŞ-a ilkinji howa uçuşy amala aşyryldy, onuň aýratynlygy bolsa aralygyň uzak we çylşyrymly bolmagydyr. Bu aralyk 21,242 kilometr bolup, uçuş wagty 141 sagat 45 minuda deňdir.

1930-njy ýyl. Ýolagçylaryň sany we olary daşamagyň aralygy (pkm) diýen ýaly hasabat hökmündäki ýolagçy dolanyşygy baradaky ilkinji maglumatlar peýda bolup başlaýar.

1931-nji ýyl. Moskwanyň esasy aerodromynyň Hodinskoý meýdançasynda Sowet soýuzynyň ilkinji ýolagçy howa terminaly açyldy.

1932-nji ýyl. Raýat howa flotunyň baş müdirligi (ГУ ГВФ) döredildi. Soňra bolsa Sowet raýat awiasiýasynyň «Aeroflot» diýen resmi ady girizildi.

1935-nji ýyla çenli sowet  häkimýetiniň öndürýän uçarlary ýurduň howa flotunyň 100%-ini düzdi.

1937-nji ýyl. ANT-25 uçarynda Demirgazyk polýusyň üstünden SSSR — ABŞ gatnaw ugry boýunça ilkinji gonuşsyz uçuş amala aşyryldy.

1939-njy ýylda Moskwa — Aşgabat gatnawynda ilkinji uçarbelet gyz — 20 ýaşly moskwaly Elza Gorodeskaýa işläp başlady.

1941-nji ýylda Wnukowo halkara howa menzili açyldy.

Surat: aviaforum.ru

1947-nji ýyl. S.W.Ilýuşiniň ýolbaşçylygynda köpçülikleýin ulag üçin ilkinji sowet ýolagçy uçary bolan Il-12 porşen uçarynyň işi başlandy. Onuň ýolagçy orunlary 32 adama çenlidir.

1948-nji ýyl. O.K.Antonow tarapyndan taýýarlanan An-2 köp maksatly uçaryň işiniň ýola goýlup başlanmagy. Ol öz gezeginde ýolagçylary daşamak we Arktikada hem-de Antarktidada polýar gözlegçilerine hyzmat etmekde, şeýle hem oba hojalygynda ulanyldy.

1956-njy ýyl. Tu-104 uçar gämisiniň Moskwadan Irkutskä ilkinji uçuşy ýerine ýetirildi. Uçuşyň dowamlylygy 7 sagat 10 minuda barabar boldy.

1957-nji ýyl. Dünýädäki iň ýokary tizlikli Tu-114 ýolagçy gämisi döredildi. Uçar 200 adama niýetlenip, Ýer ýüzi boýunça 32 gezek üstünlik gazandy.

1959-nji ýyl. Dört sany turbowintowly hereketlendirijisi bolan Il-18 uçary uçuşa başlady. Ol şol döwürdäki iň amatly uçar bolup, onuň basyş ulgamy we kondisioneri, şeýle-de bufet-aşhanasy bolupdyr.

1960-njy ýylda Şeremetýewo halkara howa menzili açyldy.

Surat: press.lv

1964-nji ýyl. Moskwanyň Domodedowo howa menzili işe başlady.

1965-nji ýyl. Ilkinji gezek şol döwürdäki dünýäniň iň uly uçary bolan An-22 «Anteý» asmana göterildi. Oňa 720 adam ýerleşýärdi.

1967-nji ýylda Tu-114 uçarynyň ornuna uzak aralyga uçmaga niýetlenen, hereketlendirijileri yzynda bolan Il-62 uçary ulanyşa goýberildi.

Surat: fotovmire.ru

1968-nji ýylda Sowet önümçiligi tarapyndan öndürilen iň uly uçar Tu-154 ilkinji uçuşyny amala aşyrdy.

1970-nji ýyl. SSSR Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (ICAO) agzalygyna girizildi. «Aeroflot» halkara arenasyna çykdy. Awiakompaniýanyň ekipažlary dünýäniň 59 ýurduna uçup başladylar.

1976-njy ýyl. Uçarlaryň täze nesliniň ilkinji synag uçuşlary boldy: giň göwrümli 350 orunlyk laýner Il-86 (aerobus) we 120 orunlyk Ýak-42.

Surat: tass.ru

1977-nji ýyl. Raýat awiasiýasynyň özboluşly täze döwri dünýädäki ilkinji ýokary derejeli Tu-144 ýolagçy uçarynyň uçuşlary bilen badalga aldy.

1980-nji ýyl. «Aeroflot» Bütindünýä Olimpiýa oýunlarynyň resmi gatnadyjysy bolup çykyş etdi.

Surat: dzeninfra.ru

1988-nji ýylda Şeremetýewo howa menzilinde SSSR-däki ilkinji «Duty Free» dükany açyldy.

Şol ýylda dünýä awiasiýasyndaky iň uly we agyr ýük göteriji uçarlary synagdan geçirip başladylar. Bu synagyň esasy maksady «Buran» kosmos gämisini we «Energiýa» kysymly raketa-göterijiniň bloklaryny daşamakdy.

1992-nji ýyl. Ilkinji daşary ýurt uçarlary — A-310 Airbus howa gämileri Şeremetýewo geldi.

1993-nji ýyl. 300 ýolagçy üçin niýetlenen IL-96 işlenip taýýarlanyldy. Ol iň howpsuz ýolagçy uçary hökmünde dünýä raýat awiasiýasynyň taryhyna girdi.

2004-nji ýyl. «Rosawiasiýa» federal howa ulaglary agentligi esaslandyryldy.

2011-nji ýyl. Awiakompaniýanyň ulag parkyna «Suhoý Superjet-100» gelip gowşudy. Bu Sowet häkimýeti dargandan soň, Russiýada öndürilen ilkinji uçar boldy.

2014-nji ýyl. Ilkinji amatly bahaly «Pobeda» awiakompaniýasy işe başlady.

2017-nji ýylda SSSR-de 1990-njy ýylda goýlan ýolagçy gatnaw rekordy (243,8 km) täzelendi. 

2020-nji ýyl. Russiýada öndürilen PD-14 hereketlendirijileri bilen üpjün edilen orta aralyga uçmak üçin niýetlenen MS-21-310 uçarynyň ilkinji uçuşy amala aşyryldy.

Indi bolsa, rus raýat awiasiýasynyň häzirki wagta çenli ýokary derejede kämilleşmegine mynasyp goşant goşan awiakonstruktorlaryň atlaryny getirýäris.

Igor Sikorskiý (1889-1972) — ilkinji awiakonstruktorlaryň biri, «Русский витязь» we «Илья Муромец» ýaly agyr uçarlary döreden. 1919-njy ýyldan başlap ABŞ-da ýaşamak bilen, şol ýerde iş alyp barypdyr. 1939-njy ýyldan bolsa dikuçarlaryň gurnalyşy bilen meşgullanyp başlapdyr.

Andreý Tupolew (1888-1972) — 100-den gowrak uçar görnüşini döreden awiakonstruktor. Tupolewiň uçarlarynda 78 sany dünýä rekordy goýlup, 30 sany ajaýyp uçuş ýerine ýetirildi.

Nikolaý Polikarpow (1892-1944) — awiakonstruktor we Sowet söweş awiasiýasynyň esaslandyryjysy. Onuň işleriniň netijesinde dürli görnüşli 80-den gowrak uçar öndürildi.

Sergeý Ilýuşin (1894-1977) — awiakonstruktor. Onuň ýolbaşçylygynda hüjüm uçarlarynyň, bombaçylaryň we ýolagçy uçarlarynyň köp görnüşi döredildi.

Oleg Antonow (1906-1984) — dürli uçarlary döreden awiakonstruktor: 52 görnüşli planer we 22 görnüşli uçar.

Aleksandr Ýakowlew (1906-1989) — awiakonstruktor. Uçarlaryň 100-den gowrak tapgyrlaýyn görnüşini döretmekde we uçarlary kämilleşdirmekde onuň tagallalary uludyr.

Peýdalanylan çeşmeler:  tass.ru; rus.team; voenspez.ru

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar