Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Wepadarlyk, umyt, söýgi. Egin-eşikleriň reňkiniň alamatlary dogrusynda

0
51705

Geýýän egin-eşikleriniň reňkleri ynsana gözellik terbiýesi taýdan, psihologik, hatda fiziologik taýdan hem täsirini ýetirýär. Olaryň öwüşginleri we sazlaşygy bolsa gündelik ýa-da baýramçylyk keşbini döretmek babatda esasy orna eýedir.

Käbir halklaryň düşünjelerinde reňkler adaty düşünilişi ýaly däl-de, başgaça manylary hem berip bilýär. Aslynda, käbir reňkleriň mysalynda seredilende egin-eşikleriň reňkdarlygy nähili mazmuny özünde jemleýärkä?

Ak reňk — ýokary derejedäki arassalygy aňladyp, ýagşylygy, arassaçylygy, hakykata laýyklygy, parahatçylygy, ümsümligi alamatlandyrýar. Ak reňkli lybasa beslenen zenan ünsi çekmek bilen gyzyklanmany döredýär, bu reňk Aziýanyň we Afrikanyň käbir halklarynda ýatlama, matam düşünjelerini hem alamatlandyrýar.

Gara reňk — betbagtçylygyň, sussupesligiň, arassa bolmadyk güýjüň nyşanydyr. Emma bu reňk Koko Şaneliň tagallasy bilen modanyň nusagawy reňkleriniň hatarynda aýratyn orna eýe boldy. Gara reňk käbir adamlary kadaly keşbe getirýär. Ol ýüzüň näzikligini gizläp, reňkini açyp biler.

Fiolet reňki — onuň çylşyrymlylygy gyzyl we gök reňkleriň gapma-garşylygynda jemlenýär. Belki-de şonuň üçin ony gaýgy-gussanyň, kähalatda bolsa syrlylygyň reňki hasap edýändirler.
Bu reňk — pähim-paýhasyň we ruhy güýjüň reňki. Fiolet reňkini syrly güýçlere ymtylýan, adaty bolmadyk adamlar saýlaýarlar.

Ýaşyl — umytlylygyň, tämizligiň, durnuklylygyň, sazlaşygyň reňki. Ol ýapraklaryň, otlaryň, tokaýyň reňki ýaly rahatlandyrýar. Köplenç halatda bu reňke akylly hem-de gep alyşmakda sada we alçak adamlar üns berýärler.

Sary — Günüň, altynyň we şol bir wagtyň özünde-de tebigatyň utgaşyklylygynyň nyşanydyr. Mysal üçin, Ýaponiýada sary reňk ýasy we gynanjy alamatlandyrýar. Buddizmde bolsa ol kiçigöwünliligiň we dünýäden ýüz öwürmegiň nyşany bolup hyzmat edipdir. Bu reňk Ýewropanyň geraldikasynda jemgyýetde tapawutlylygyň alamaty bolupdyr, ony diňe ýokary gatlaklaryň we patyşalygyň wekilleri geýipdir.

Gök — asyllylygy we syrlylygy aňladýar. Orta asyrlarda ýaşan rysarlar aýallarynyň ynanmagy we wepalylygy üçin gök eşik geýipdirler. Bu reňki ýolbaşçylyk häsiýetleri we tutanýerliligi bolan işewür adamlar has özüne mahsus görýärler.

Gyzyl — bu reňkiň oňyn aýratynlygy şatlygy, söýgini, gözelligi — garşylykly manysy bolsa — gany, ody we güýji häsiýetlendirýär. Mysal üçin, polineziýalylar «söýgüli» sözüni aňlatmak üçin «gyzyl» sözüni ulanýarlar. Hytaýda bu reňk «çyn ýürekden, aýdyňlyk bilen» diýmek bolup durýar. Bu reňki halaýan ynsanlar tekjesinde özüne üns çekjek reňkiň bolmagyny isleýärler. Dizaýnerler gyzyl reňkkli lybaslary hyjuwly we gujurly adamlara geýmegi maslahat berýärler.

Türkmen medeniýetinde we milliliginde gyzyl reňk esasy gözellik reňkleriniň başynda durmak bilen, reňkdarlygyň, olaryň gülgüne öwüşgininden fiolet reňkine çenli sazlaşykly utgaşmagynyň baýlygydyr. Ol milli lybaslarda, haly önümlerinde, öýlerde we beýleki milli häsiýetli ýerlerde ýygy-ýygydan gabat gelýär. Türkmenlerde däp bolşy ýaly, gyzyl reňkiň häsiýetli tapawudy tebigatyň janlanyşyny özünde şöhlelendirýär. Onuň özboluşly hikmeti jadyly güýçlere eýe bolup ynsany betbagtçylyklardan goraýar diýlip düşünilmegindedir.

Biziň günlerimizde bolsa türkmen lybaslarynda aýratyn orun alan reňkler dürli hili bezegler, ajaýyp keşpler bilen bezelip, görnetin döwrebap üýtgeşmelere eýe boldy. Şunuň bilen birlikde, gyzyl hem-de dym-gyzyl reňkler türkmen milli modasynyň reňki bolmagynda galyp, egin-eşiklere mynasyp we mahsusy bezeg berýär.

Bu babatda moda medeniýetiniň türkmen nusgasyny döredijileriň hatarynda «Mähirli Zenan» modalar öýi öňdebaryjylaryň biridir.

«Mähirli Zenanyň» dizaýnerler topary ähli sazlaşygyny nazarda tutup güller bilen işlemäge oňat düşünýärler we sergilerde we moda görkezmelerinde türkmen milliligini doly janlandyrýan, milli mirasyň häsiýetli aýratynlyklary bilen ajaýyp we gaýtalanmajak şekildäki geýimleri döredýärler.

Geýimleriň gül bezeglerinde täsin çemeleşmeler, adaty bolmadyk usullar hem-de netijeli çözgütler «Mahirli Zenan» geýimleriniň köpdürliligini ýerlikli açýar, görenleri haýran galdyryjy täsirlere atarýar. Elde keşdelenen milli nagyşlar hem-de çylşyrymly taýýarlanan göller görüp baha berip biljek islendik adamy biparh goýmaýar.

Ajaýyp hem kaşaň lybasyň, ýaglygyň hem-de görnükli donuň eýesi bolaýyn diýseňiz «Mähirli Zenanyň» şu salgylardaky dükanlaryna baryp bilersiňiz:

  • Aşgabat ş., Oguzhan köçesi, «Bagtyýarlyk» SDAM, 1-nji gat, 4-nji dükan;
  • Aşgabat ş., Garaşsyzlyk şaýoly, 7-nji jaý, Älem.

Peýdalanylan çeşmeler: matrony.ru; mylitta.ru; zen.vandex.ru; ethnomuseum.ru; luiza-m.narod.ru.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar