Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mahmal we panbarhat: bu matalarda nähili umumylyk, nähili tapawut bar

0
50375

Mahmal köp wagtdan bäri kaşaňlygyň hem-de ýokary derejäniň nyşany hasaplanyp geldi. Ýewropada hem, Gündogar ýurtlarynda-da ony patyşalar, imperatorlar we köşk wekilleri geýipdirler. Dokma senagatynyň ösmegi bilen mahmal has elýeterli bolan bolsa-da, şonda-da bu mata häzirki wagta çenli iň owadan, iň bir bahaly matalaryň biri hasaplanýar.

Mahmalyň watany — gadymy Hytaý. Bu barada ilkinji ýazgylar b.e.öňki III asyra degişli. Bu mata IX asyrda Wizantiýa (häzirki Türkiýäniň çäkleri) getirilipdir we ol ýerden Ýewropa ýurtlaryna giňden ýaýrapdyr. Russiýada bolsa mahmal önümçiligine XVII asyrda başlanylypdyr.

Türkmenistanda mahmaldan başga-da, panbarhat matasy giňden meşhurdyr. Köplenç adamlar adaty mahmaly (barhat) panbarhat atlandyryp, bu iki matanyň adyny çalyşýarlar. Aslynda, käbir aýratynlygyna, daşky meňzeşligine we beýleki taraplaryna, önümçilik usulyna garamazdan, olaryň arasynda özboluşly tapawut bardyr. Bu iki görnüşli matanyň her birinden ajaýyp zenan lybaslaryny döredýän Aşgabat şäherindäki «Sähra» tikinçilik öýüniň hünärmenleri mahmal bilen panbarhatyň meňzeş hem-de tapawutly taraplary barada gürrüň berdiler.

Mahmal köplenç pagta, ýüpek ýa-da ýüň esasly dykyz, agyr mata (häzirki mahmallar köplenç sintetik sapaklardan dokalýar). Ol bir tonly we öwüsmeýän görnüşde bolup, ýüňleri dik ýerleşýär.

Döwrebap mahmal bäş hili sapak bilen dokalyp öndürilýär, olaryň dördüsi esasyny döretse, bäşinjisi ýüňüni emele getirýär. Hakyky nusgawy mahmal uzalmaýar we ýatmaýar, şeýle-de ýylylygy gowy saklaýar.

Köplenç mahmaldan agşamky dabaralar üçin niýetlenen köýnekler, sahna eşikleri, teatr perdeleri we portýerler taýýarlanylýar. Bu mata daşyndan agramly we kadaly görünýär.

Panbarhat bolsa has ýeňil we ýumşak, sebäbi onuň esasy mahmaldan has ýuka bolýar. Onuň ýüňi elmydama keseligine we şonuň üçinem has ýalpyldawuk bolýar. Panbarhat, adatça, nagyşly görnüşde bolýar.

Nagyşlar ýörite gysma usuly bilen matanyň üstüne basylyp döredilip bilner, şeýle ýagdaýda süýümler, esasan, dürli taraplara ýatýar, şeýlelik bilen, nagyşlar döreýär. Ýa bolmasa-da, şekiller panbarhatda şifon esasynda döredilip bilinýär. Ýagny, ýuka matanyň fonunda ýüň dürli hili gülli nagyşlary emele getirýär. Şeýle hem reňkli nagyşly panbarhatyň şifon esasly hem-de birmeňzeş tekizlikli görnüşleri bardyr.

Ýumşaklygy sebäpli panbarhat has gowy bezelýär. Onda inçeligi we şol bir wagtyň özünde ýüňi esasynda ajaýyp epinleri emele getirip bolýar, egrelen ýüň ýagty yşygyň astynda ajaýyp öwşün atýar. Panbarhatyň käbir häzirki zaman görnüşleri uzalmak we iki tarapa-da süýnmek aýratynlygyna eýedir.

Döwrebap mahmal we panbarhat 100% polýesterden we wiskoza, ýüpek, asetat hem-de hatda ýüňden ybarat bolan garyşyk süýümlerden dokalýar.

Mahmalyň we panbarhatyň peýdasyndan başga-da, käbir kemçilikleri hem bar. Bu, ilkinji nobatda, tozany, ýüňjagazlary we haýwanlaryň tüýlerini özüne sorup almak ukybydyr. Mundan başga-da, sintetik mahmal we panbarhat statiki elektrik energiýasyny özüne çekip biler.

Matalaryň iki görnüşi hem 30 gradusdan gyzgyn bolmadyk suwda emaý bilen ýuwulmagy talap edýär we olary kir ýuwujy maşynda guradyp bolmaýar, şeýle-de bu matalar ýüpde däl-de, asgyçda ýa-da süpürgiçde guradylmalydyr. Bu matalary demir ütük bilen ütüklemek hem bolmaýar, olary diňe dikligine bug bilen ýazmak ýerliklidir. Olary diňe asyp goýmalydyr, eplenen ýagdaýynda ýüňünde çyzyklar emele gelýär, bu epinleri bolsa köplenç halatda bug bilenem aýryp bolmaýar.

«Sähra» tikinçilik öýünden diňe bir mahmaldan we panbarhatdan taýýarlanan özboluşly lybaslary sargyt etmek däl-de, eýsem bu görnüşli matalaryň islendik birini satyn alyp bilersiňiz. Olaryň assortimentinde mahmal, şifondaky we adaty, bir tonly hem-de nagyşly panbarhatlar bar. Tikinçilik öýüniň maslahat berýän hünärmenleri şuňa hili matalar bilen işlemekde toplan uly tejribelerine esaslanyp, belli bir eşik üçin haýsy matany saýlamalydygyny düşündirmäge hemişe taýýardyrlar. Mata satyn alanyňyzdan soň, göni öýüniň özünde köýnek ýa-da beýleki görnüşli lybaslary sargyt edip bilersiňiz.

«Sähra» tikinçilik öýi we dükany şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat, Gurbannazar Ezizow köçesi (ozalky Sowhoznyý), 11-nji jaý, «Çaga» binasy.

Telefon belgileri: (+993 62) 43 77 84, (+993 65) 40 08 00. Sosial media ulgamyndaky sahypasy

Peýdalanylan çeşmeler: tkan.club; ademas-fashion.ru; vk.com; protkan.com 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar