Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Hydyr Nunnaýew

0
10648

Türkmenistanda 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlary boýunça wagyz işleri dowam edýär. Ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň sany 9 adamdan ybarat. Dalaşgärleriň biri Hydyr Nunnaýewiň terjimehaly we saýlaw maksatnamasy bilen tanyş edýäris.

 

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Hydyr Kakabaýewiç Nunnaýewiň terjimehaly

Hydyr Kakabaýewiç Nunnaýew 1977-nji ýylyň 2-nji martynda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Babadaýhan obasynda doguldy. Milleti türkmen.

1983 — 1993-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň Tejen şäherindäki 8-nji orta mekdepde okady.

1993 — 1995-nji ýyllarda Aşgabat şäheriniň I.Gandi adyndaky lukmançylyk orta okuw mekdebinde okap, ony bejeriş-profilaktiki edaralarynyň şepagat dogany hünäri boýunça tamamlady.

1995 — 1997-nji ýyllarda harby gullukda boldy.

1997 — 1999-njy ýyllarda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň «Gökje» saglyk öýünde maşgala şepagat dogany bolup işledi.

1999 — 2003-nji ýyllarda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda okap, ony sagaldyş işleriniň guramaçysy hünäri boýunça tamamlady. Şonuň bilen bir wagtda, 1999 — 2003-nji ýyllarda Aşgabat şäheriniň Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezinde şepagat dogany wezipesinde zähmet çekdi.

2003 — 2005-nji ýyllarda Tejen etrabynyň hassahanasynyň fizioterapiýa bölüminiň bejeriş-bedenterbiýe lukmany wezipesinde işledi.

2005 — 2014-nji ýyllar aralygynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň nazaryýeti we medisina taýdan üpjünçiligi kafedrasynyň mugallymy, uly mugallymy we kafedra müdiri wezipelerini ýerine ýetirdi.

2014-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinde işleýär.

2019-njy ýylda pedagogika ylymlarynyň kandidaty alymlyk derejesine eýe boldy.

2011-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy.

Maşgalaly, bäş çagasy bar.

Aşgabat şäheriniň raýatlar topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenildi.

 

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Hydyr Kakabaýewiç Nunnaýewiň maksatnamasy

Meni ýokary döwlet wezipesine — Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärlige hödürlän Aşgabat şäheriniň raýatlar toparyna sagbolsun aýdýaryn we özüme bildirilen şeýle uly ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.

Biz Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda milli demokratiýanyň, halkymyzyň hemmetaraplaýyn asuda ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen halk häkimiýetliliginiň dabaralanýandygyny her bir ädimde duýup ýaşaýarys. Açyk bäsdeşlik we raýatlarymyzyň ses bermegi esasynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň şu gezekki saýlawlary hem muny dolulygyna tassyklar.

Eger-de men döwlet Baştutany wezipesine saýlansam, mähriban Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, ony dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejelerine ýetirmäge, bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçilmegine, ykdysady ösüşiň durnukly depginleriniň üpjün edilmegine gönükdirilen işleri mynasyp dowam etdirerin.

Raýatlaryň iş üpjünçiligini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasaty, bilimlere we innowasiýalara daýanýan, ykdysady, durmuş we ekologik taýdan amatly tehnologiýalary özünde jemleýän, ykdysadyýetiň ählitaraplaýyn diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegini üpjün edýän düýpli özgertmeleri durmuşa geçirerin.

Ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalaryň we olara utgaşdyrylyp taýýarlanan pudaklaýyn hem-de sebitleýin maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi döwletimiziň beýik ösüşlerine kuwwatly itergi berdi. Döwlet we milli maksatnamalaryň kabul edilmegi maýa goýum işjeňligini yzygiderli artdyryp, ylmyň soňky gazananlaryna esaslanýan innowasiýa tehnologiýalarynyň hem-de öňdebaryjy tejribeleriň ornaşdyrylmagyna şert döretdi. Mundan başga-da, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny berkitmäge mümkinçilik berdi. Ýurdumyzda amala aşyrylýan şeýle özgertmeler mynasyp durmuş şertlerini döredip, döwletimizi kuwwatly ýaşaýyş-durmuş maksatly ykdysadyýete eýe bolan, dünýäniň ösen demokratik döwletleriniň hataryna goşulmaga ymtylýan döwlete öwürdi.

Halkymyz saýlawlarda maňa ynam bildiren ýagdaýynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň we paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň çäklerinde döwrebap edara binalarynyň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, umumy orta bilim berýän mekdepleriň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, hassahanalaryň, saglyk öýleriniň, söwda merkezleriniň, ilata hyzmat ediş desgalarynyň, inženerçilik desgalarynyň we ýollaryň, şeýle hem raýatlarymyzyň medeniýetli dynç almaklary üçin niýetlenen desgalaryň gurluşyklaryna aýratyn ähmiýet bererin. Täze döwrebap şäherçeleriň, obalaryň gurluşygy batly depginlerde alnyp barlar. Dünýäni haýrana goýýan «Aşgabat-siti» taslamasy üstünlikli amala aşyrylar. Oba hojalyk kärhanalary we daýhan hojalyklary düzümleýin pugtalandyrylar hem-de özgerdiler. Oba zähmetkeşleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak, ýaş çagaly eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak, kömege mätäç raýatlara hemmetaraplaýyn ýardam bermek baradaky işler dowam etdiriler.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» geljek 30 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň ösüşinde täze sepgitleri nazarlaýan belent maksatlary özünde jemledi. Hormatly Prezidentimiziň yglan eden Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bolsa öňde duran beýik ösüşleri mynasyp şöhlelendirýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda her bir ynsanyň we tutuş jemgyýetiň bähbidini göz öňünde tutýan maksatnamalaryň ençemesi üstünlikli durmuşa geçirilýär. Eger-de saýlawlarda ýeňiş gazansam, ýurdumyzyň ähli pudaklaryny yzygiderli kämilleşdirmäge, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge aýratyn üns bererin. Häzirki zaman ylmynyň we innowasion tehnologiýalaryň gazananlaryny, öňdebaryjy tejribeleri durmuşa ornaşdyrmak hem döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Türkmen döwletinde batly depginlerde alnyp barylýan bu işler geljekde hem mynasyp dowam etdiriler.

Garaşsyz ýurdumyz hemişelik Bitaraplygyň berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, parahatçylyga, dost-doganlyga we hoşniýetli gatnaşyklara esaslanýan daşary syýasatyny nusgalyk derejede dowam etdirýär. Şu geçen döwrüň içinde Türkmenistan halkara ähmiýetli işleriň ençemesini amala aşyrdy. Bitarap döwletimiz özüniň saýlan ýoluny yzygiderli dowam edip, dünýäniň köp ýurtlary bilen ýola goýlan hoşniýetli diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürer.

Bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň depginli ösüşi ýaş nesiller bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ýaşlar hakyndaky alada, olaryň ylymly, bilimli, öz saýlan hünärleriniň eýesi bolup ýetişmekleri, ata-babalarymyzdan miras galan medeni gymmatlyklar esasynda, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmekleri, beden we ruhy taýdan sagdyn nesiller bolmaklary ugrunda netijeli işler yzygiderli alnyp barlar.

Döwletimiziň iň ýokary wezipesine saýlanan ýagdaýymda bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek esasy maksatlarymyň biri bolar. Ulgamyň maddy-üpjünçilik binýadynyň pugtalandyrylmagy, ýaşlara berilýän bilimiň hiliniň yzygiderli kämilleşdirilmegi geljekde durmuşa geçiriljek işleriň özenini emele getirer. Häzirki zaman ylmy-barlag işleri, ýokary tehnologiýalar we bilim hyzmatlary esasynda, ýurdumyzyň dünýädäki öňdebaryjy innowasion ornuny gazanmak babatda toplumlaýyn işler netijeli dowam etdiriler.

Hormatly Prezidentimiziň halkyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak babatda başyny başlan beýik işleri üstünlikli alnyp barlar. Sporty ösdürmek we wagyz etmek, sport desgalarynyň, toplumlarynyň gurluşyklaryny dowam etdirmek, täze sport mekdeplerini döretmek, umuman, sport ulgamyny kämilleşdirmek işlerine döwlet derejesinde uly ähmiýet berler. Halkymyzyň, şol sanda ýaş nesillerimiziň saglygyny we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň şerti hökmünde köpçülikleýin bedenterbiýäni, ýokary netijeli sporty, olimpiýa hereketini ösdürmek ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda bolar. Döwlet syýasatynda möhüm orun eýeleýän sport we syýahatçylyk ulgamlary ösdüriler, olaryň maddy-enjamlaýyn binýady has-da pugtalandyrylar.

Türkmenistan özüniň baý medeni mirasy, däp-dessurlary bilen bütin dünýäde giňden tanalýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, eziz Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda mynasyp orun tapmagy, milli medeni gymmatlyklarymyzyň, ata-baba ýol-ýörelgelerimiziň düýpli öwrenilmegi we kämilleşdirilip, halkymyza täzeden ýetirilmegi, maddy däl medeni gymmatlyklarymyzyň halkara derejede ykrar edilmegi ugrunda yzygiderli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň taryhy-medeni we tebigy ýadygärlikleri halkymyzyň buýsanjy, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Geljekde hem mukaddes ýol-ýörelgelerimizden gözbaş alýan milli demokratiýamyzy has-da kämilleşdirmek, jemgyýetimiziň jebisligine, halkymyzyň abadançylygyny, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge, ata Watanymyzda durnuklylygy, parahatçylygy, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen işleri durmuşa geçirmek, baý medeni mirasymyzy gorap saklamak ugrunda ähli tagallalar ediler.

Ýurdumyzyň gurluşyk toplumynyň işiniň güýçli depginler bilen ösdürilmegi gazanylar we sebitlerde ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy üstünlikli dowam etdiriler. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämiz esasynda, mähriban halkymyzyň asuda we abadan durmuşyň eşretini, hözirini görüp, bagtyýar ýaşamagy üçin edilýän netijeli işler mynasyp dowam etdiriler. Halkymyzyň durmuş üpjünçiligi, pensiýa, kömek pullarynyň, zähmet we talyp haklarynyň möçberleri her ýylda ýokarlandyrylar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmek, özgertmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň halkara abraýyny artdyrmak üçin mähriban, agzybir halkymyz bilen bilelikde, özümiň ähli bilimimi, tejribämi, gujur-gaýratymy gaýgyrman, ak ýürekden zähmet çekjekdigime ynandyrýaryn.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar