Soňky habarlar

Archive news

Täze möwsüme Naýbaşy Kubok badalga berer

10:2612.02.2017
0
290
Täze möwsüme Naýbaşy Kubok badalga berer

1-nji martda, ýagny milli çempionatymyzyň başlanmagyndan 3 gün öň futbol boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrunda duşuşyk geçiriler. Paýtagtymyzyň «Aşgabat» köpugurly sport toplumynda geçiriljek duşuşykda ýurdumyzyň geçen ýylky çempiony we Kubogyň eýesi «Altyn asyr» bilen Kubok ýaryşynyň finalçysy «Aşgabat» duşuşar.

Naýbaşy Kubok ugrundaky duşuşyklar 2005-nji ýyldan bäri geçirilýär. Bu Kuboga «Altyn asyr» 2 (2015, 2016), «Aşgabat» bir (2007) gezek mynasyp boldy. Eger-de «aragatnaşykçylar» şu duşuşykda hem ýeňiş gazansalar, Kuboga bassyr 3 ýyl mynasyp bolan ilkinji topar bolarlar. Şeýle hem «Altyn asyr» bu Kubogy 3 gezek muzeýine äkiden HTTU-dyr «Balkan» bilen deňleşer. Duşuşyk «Aşgabadyň» peýdasyna tamamlansa, «paýtagtlylar» 10 ýyldan soň Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogyna mynasyp bolarlar.
Duşuşyk 1-nji martda sagat 15:00-da başlanar.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň