«Ahal» ýarymgoragçy Süleýman Orazowy düzümine goşdy

16:0223.01.2017
0
225
«Ahal» ýarymgoragçy Süleýman Orazowy düzümine goşdy

«Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary ýarymgoragçy Süleýman Orazowy düzümine goşdy. «Ahal» bilen 2015-nji ýylda hem AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşan futbolçy geçen möwsümiň başynda «Altyn asyryň» düzümine goşuldy. Ýöne şikes sebäpli ne çempionatda, ne-de AFK-da duşuşyga gatnaşmak mümkinçiligini gazanyp bilen futbolçy, çempionatyň ikinji ýarymynda paýtagtyň «Aşgabat» toparynyň düzümine goşuldy we möwsümde 2 gezek tapawutlandy.

«Ahal» mundan öň hem «Şagadamdan» derwezeçi Batyr Babaýewi, «Aşgabatdan» Orazberdi Myradowy düzümine goşdy. Türkmen futbolynyň görnükli wekilleriniň biri Maksim Belyhyň hem tälimçilik karýerasyna «Ahalda» girişendigini-de habar beripdik.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň