Top.Mail.Ru

YHG-nyň Baş sekretary Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy we Oraza aýy bilen gutlady

12:5221.03.2025
0
18117
YHG-nyň Baş sekretary Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy we Oraza aýy bilen gutlady
Surat: DND

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Handan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Nowruz baýramy we Oraza aýy mynasybetli gutlag haty gelip gowuşdy.

Türkmenistanyň merkezi metbugat neşirlerinde çap edilen gutlag hatynda YHG-nyň Baş sekretary Türkmenistanyň Prezidentine ýüzlenmek bilen, şeýle ýazýar:

— Sizi täzelenişiň we ýagşy umyt-arzuwlaryň nyşany bolan Nowruz baýramy bilen gutlaýaryn hem-de Siziň Alyhezretiňize, Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna rowaçlyk, täze üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, bu baýram sebit hyzmatdaşlygyna umumy ygrarlylygymyzy pugtalandyrsyn!

Mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize mukaddes Remezan aýy mynasybetli gutlaglarymy beýan edýärin. Goý, bu mukaddes aý sebitimizde agzybirlik we raýdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyryp, hemmämize parahatçylyk, abadançylyk, bagtyýarlyk getirsin!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň