Moskwada geçirilen «BRIKS+ Fashion Summit» halkara sergisinde «Mähirli zenan» türkmen modalar öýi ýurdumyzyň baý medeni mirasyny beýan edýän ajaýyp önümlerini görkezdi. Göz degmeden goraýan gadymy türkmen «alajasy» görkeziliş çäresine gelenleriň aýratyn ünsüni çekdi. Mälim bolşy ýaly, alaja türkmenleriň milli medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegidir.
«Alaja» gara we ak sapakdan işilip, ussatlyk bilen döredilýän el işi görnüşinde bolýar. Türkmen medeniýetiniň milli el sungatynyň bu düzüm bölegi haşamçylyk-bezeg işleriniň köp görnüşlerinde: inçe bileziklerden we boýun şaý-seplerinden başlap, adatça öýüň gapysynyň üstünde ýa-da içki diwarlarynda asylyp goýulýan has uly göwrümli tumarlara çenli duş gelýär.
«BRIKS+ Fashion Summit» abraýly halkara meýdançasynda «Mähirli zenan» türkmen modalar öýi 150-den gowrak ýurduň dizaýnerleri bilen bir hatarda öz işlerini görkezdi. Moda forumy milli däpleriň häzirki zaman çemeleşmesinde görkezilmegi üçin örän netijeli meýdança boldy.
«Biziň modalar öýümiz üçin şunuň ýaly abraýly halkara çäresinde Türkmenistanyň milli sungatyny görkezmek uly hormatdyr» — diýip, «Mähirli zenan» modalar öýüniň ýolbaşçysy belledi.
Sammite gatnaşmak türkmen medeniýetiniň milli däplerine degişli düzüm bölekleriniň häzirki zaman moda ugurlary bilen sazlaşykly utgaşyp bilýändigini görkezmäge hem-de global moda pudagynda medeni mirasy gorap saklamagyň wajypdygyny nygtamaga mümkinçilik berdi.