Aşgabatdaky «Katmer» kafesi süýjülikleri halaýanlaryň ählisini türk desertleriniň dünýäsine ýatdan çykmajak syýahata çagyrýar.
«Katmeriň» menýusynda birwagtlar soltanlaryň saçagyna hödürlenen naz-nygmatlar deýin gadymy reseptlere laýyklykda taýýarlanylan türk desertleriniň giň kolleksiýasy bar.
«Biziň süýjüliklerimiziň esasynda — diňe bal, hoşboý ysly maddalar, pisse ýaly diňe tebigy goşundylar bar. Süýjüligiň her bir bölegi — bu wagtyň çygryndan çykyp, türk konditer sungatynyň köpasyrlyk däplerine syýahat etmekdir. Kafemiziň göwnejaý atmosferasy we işgärleriň myhmansöýerligi siziň myhmançylygyňyzy ýatdan çykmajak ýakymly pursatlara beslär» diýip, «Katmeriň» wekili aýdýar.
«Katmer» kafesiniň iki gatly gurluşy myhmanlaryň rahatlygyny göz öňünde tutup döredilen. Giňişlige uzaýan birinji gat we oňaýly ýerzemin gaty bir wagtyň özünde 120 myhmany kabul edip bilýär. Kiçijik myhmanlarymyza aýratyn ähmiýet berilýär — bu ýerde olar üçin ýörite çagalar meýdançasy bolup, körpeler hezil edip oýnap bilerler.
«Katmer» kafesi — Gündogar süýjüliklerine ýokary baha berýänleri özüne çekýän ýerdir!
Habarlaşmak üçin:
- ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Ankara köçesi, 19-njy jaý (Ozalky Ýubileýnaýa);
- telefon belgisi: (+993 63) 24 99 44;
- sosial media ulgamyndaky sahypasy.