Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Witebskiň ýaşaýjysy Belarusyň demir ýollarynyň 50 millionynjy ýolagçysy boldy

15:5818.10.2024
0
2191
Witebskiň ýaşaýjysy Belarusyň demir ýollarynyň 50 millionynjy ýolagçysy boldy
Surat: belta.by

Minskiniň demir ýol menziliniň perronynda 50 millionynjy ýolagçyny gutladylar. Ol Witebsk şäherinden gelen Ýelena Telpukowadyr.

Belarusyň paýtagtyna ol çagalaryny we agtyklaryny görmek üçin geldi. Ýelena aýda bir gezek otla münüp, görme-görşe gelýär, emma ol demir ýol gullugyndan bu gezek ilkinji sapar ýadygärlik çäýnek-käsel toplumyny sowgat alanyny geň görýär.

«Jaň geldi, menden Minsk-Witebsk otlusyna petek aldyňyzmy diýip soradylar. Men ilkibaşda petegiň bahasyny tölänimde ýalňyşaýdymmykam ýa-da biri oýun edýärmikä diýip oýlandym. Soňra maňa özümiň aýratyn ýolagçydygymy aýtdylar, men garaşylmadyk sowgada begendim» diýip, Ýelena Telpukowa gürrüň berýär. «Biz içerki gatnawlara uly üns berýäris. Biziň sebitara ugurlarda gatnawlarymyz gije-gündiziň dowamynda ýeterlik ösendir. Ýolagçylaryň özleri üçin amatly wagtdaky gatnawlary saýlamaga mümkinçiligi bar» diýip, Belarusyň demirýol edarasynyň başlygynyň orunbasary Konstantin Boýar gürrüň berdi.

Bu ýyl ýurduň içinde sekiz million töweregi ýolagçy gatnadyldy. Halkara ugurlarda iki milliondan gowrak. Esasan hem, Sankt-Peterburg, Moskwa, Adler, Mineralnyýe Wody, Arhangelsk we Murmansk ugurlaryna petekler köp satyn alynýar diýip, «MIR 24» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň