Galmygystanyň baştutany Batu Gasikow özüniň «Telegram»-sahypasynda guraklyk sebäpli sebitiň etraplarynyň dokuzysynda adatdan daşary ýagdaýyň girizilendigini habar berdi.
Onuň sözlerine görä, fermerler gyşa taýýarlyk görmek we iým goruny edinmek babatda guraklyk sebäpli kynçylyk çekýärler. Şunuň bilen baglylykda, Respublikada sebit derejesinde adatdan daşary ýagdaý yglan edildi hem-de bu çözgüt daýhanlaryň işiniň töwekgelçiligini azaltmaga köme eder. Hasikow şeýle hem önümiň ýokary goşulan bahasyna gönükdirilen oba hojalygy ýöretmegiň täsirli dolandyryş usullaryny yzygiderli we çalt ösdürmegi dowam etmek barada nygtady.