Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Tokaýew: Gazagystan Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürer

09:3318.10.2024
0
9008
Tokaýew: Gazagystan Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürer
Surat: report.az

Gazagystan geljekde hem Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ýygjam gatnaşyklary ösdürmekçi. Bu barada Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Astanada geçen «Think tank forum» forumynda aýtdy diýip, «Report» ýazýar.

«Gazagystan sebit syýasatyna eýermek bilen, mundan beýläk hem Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmekçi. Biziň gatnaşyklarymyz näçe jebis bolsa, bu Gazagystan we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary üçin bähbitlidir. Merkezi Aziýa ýurtlary sebitiň ösmegi üçin ähli tagallalary ederler» diýip, Tokaýew nygtady. Ol şeýle-de sebitiň ýurtlaryndaky ýagdaýyň mundan 10 ýyl öňdäkiden güýçli tapawutlanýandygyny ýatlatdy. Häzirki wagtda sebitiň bäş döwleti öz aralarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler, ýokary derejedäki duşuşyklar yzygiderli dowam etdirilýär.

«Bu Merkezi Aziýa ýurtlarynyň strategiki sazlaşyklylygy giňeltmeklige gönükdirilen esasy syýasat ugrudyr. Biziň daşarky we içerki çagyryşlara bilelikde seslenmegimiz möhümdir» diýip, Gazagystanyň döwlet Baştutany sözüniň üstüni ýetirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň