Top.Mail.Ru

Arhiw

Awstraliýanyň suwa düşülýän kenarynda adaty bolmadyk gara şarlar peýda boldy

17:4317.10.2024
0
18260
Awstraliýanyň suwa düşülýän kenarynda adaty bolmadyk gara şarlar peýda boldy
Surat: mir24.tv

Awstraliýanyň Kuji şäheriniň suwa düşülýän kenarýakasynda sişenbe güni ýüzlerçe gara şarlar peýda boldy. Gelip çykyşy nämälim bolan şarlar sebäpli suwa düşülýän ýer ýapyldy. Bu barada şäheriň Rendwik etrabynyň häkimligi habar berdi diýip, «MIR24» ýazýar.

Geň tapyndylar Täze Gündogar Uelsiň daşky gurşawy goramak edarasyna hem-de kenarýaka suwlaryň hiline gözegçilik agentlige öwrenmek üçin iberildi. Hünärmenler şarlaryň gelip çykyşyny we düzümini öwrenerler.
Ýagdaý bilen baglylykda, adamlara Kujiniň suwa düşülýän ýerine barmazlyk maslahat berildi.

Çarşenbe güni Rendwik etrabynyň şäher geňeşi kenara suw getiren şarlaryň düzüminiň smolanyňky ýalydygyny habar berdi. Şeýle şarlar adatça, tankerden dökülen nebit zibil we suw bilen galtaşanda emele gelýär diýip, «9News» neşiri habar berdi diýip, «rg.ru» ýazýar.

Rendwik etrabynyň häkimi Dilan Parker kenary şarlardan arassalamak üçin suw düşülýän ýeriň anna gününe çenli ýapyljakdygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň