Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Goturdepe» buraw işleri müdirligi 33 müň metre golaý dag jynslaryny burawlady

14:1718.10.2024
0
10147
«Goturdepe» buraw işleri müdirligi 33 müň metre golaý dag jynslaryny burawlady
Surat: ria.ru

«Türkmennebit» döwlet konserni nebit-gazly ýataklarda gözleg-barlag işlerini geçirmek we olary işläp taýýarlamak işlerini alyp barmak bilen, pudagyň ösüşiniň esasy maksatnamalarynyň toplumlaýyn çözgüdini üpjün edýär. Konserniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Goturdepe» buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri şu ýylyň geçen hasabat döwründe ulanyş maksatly guýularyň sekizisiniň gazuw işlerini üstünlikli tamamladylar. Netijede, şu maksat bilen 31 müň 633 metr dag jynslaryny burawlamak baradaky meýilnama 123,3 göterim berjaý edildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti ýazýar.

Daşary ýurtlaryň has kuwwatly buraw enjamlaryna eýe bolan kärhananyň burawlaýjylary çuň ýataklary açmaga we özleşdirmäge elýeterli gorlaryň möçberlerini ep-esli giňeltmäge mynasyp goşant goşýarlar. Bar bolan mümkinçilikleri ýerlikli ulanmagy başarýan bu müdirlikde geçen hasabat döwründe ulanyş we gözleg maksatly täze guýularyň jemi 10-synda buraw işleri doly ýerine ýetirildi. Gazylan dag jynslarynyň umumy çuňlugy 49 müň 37 metre deň boldy.

Netijede, bu baradaky dokuz aýlyk meýilnama 125 göterim berjaý edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň