17-nji oktýabrda General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Kaspiý deňiz we derýa ulaglary institutynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly döredijilik agşamy geçirildi.
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsullygynyň (Astrahan ş.) utgaşdyrmagynda General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Kaspiý deňiz we derýa ulaglary instituty bilen Astrahan oblastyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebiniň bilelikde guramagynda geçirilen çärä Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsullygynyň (Astrahan ş.) diplomatlary, institutyň direktory, Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebiň müdiri, Astrahan oblastynyň daşary aragatnaşyklar ministrligniň wekilleri şeýle-de institutyň talyplary we mekdep okuwçylary gatnaşdylar.
Çykyşlarda türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen Astrahanda Magtymguly Pyragy adyndaky umumy bilim berýän orta mekdebiniň açylmagynyň ähmiýeti barada bellenildi. Şeýle hem türkmen halkynyň köpasyrlyk pähim-paýhasyny we şahyrana diliniň gözelligini öz eserlerinde açyp görkezen, döredijiliginde her bir ynsana ýakyn ruhy gymmatlyklary wagyz eden Magtymguly Pyragynyň ýiti zehine eýe bolandygy nygtaldy.
Döredijilik agşamynda mekdep okuwçylary we talyplaryň ýerine ýetirmeginde şahyryň goşgularynyň türkmen-rus dillerinde çeper okaýyşlary, aýdymlary diňlenildi. Çäre Magtymguly Pyragy adyndaky umumy bilim berýän orta mekdebiniň «Dostluk» tans toparynyň türkmen milli «Küştdepdi» tansy bilen jemlendi.