Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Pakistan ŞHG-niň 23-nji sammiti barada 50 sagatlyk habarlary teleýaýlymda görkezdi

14:2518.10.2024
0
2550
Pakistan ŞHG-niň 23-nji sammiti barada 50 sagatlyk habarlary teleýaýlymda görkezdi
Surat: daryo.uz

Pakistanyň Döwlet teleýaýlymy Yslamabatda geçen 23-nji ŞHG-niň sammitinden meşhur halkara gatnaşyklary, ykdysadyýet, syýasat we geoykdysadyýet boýunça seljerijileriň hem-de tejribeli alypbaryjylaryň gatnaşmagynda 50 sagatlyk gepleşikleri ýaýlyma berdi.

Döwlet telewideniýesiniň «PTV News» we «PTV World» ýaýlymlary Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işini Hökümet başlyklarynyň Yslamabada gelmeginden başlap, ähli tapgyrlarda alyp görkezdi. Daşary ýurt habar beriş serişdeleri «PTV» teleýaýlymynyň şeýle-de özlerine peýdalanmak üçin arassa wideoakymy (geçýän setirlersiz we kadrdan daşyndaky sessiz) elýeterli edendigini bellediler.

14-17-nji oktýabrda geçen sammite gurama agza ýurtlardan 1200-den gowrak daşary ýurt wekiliýetleri, şeýle hem 150-den gowrak habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu barada «Daryo.uz» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň