Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan TDG-niň söwda we ykdysadyýet ministrleriniň mejlisine gatnaşar

22:3117.10.2024
0
6059

Ertir – 18-nji oktýabrda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde Türki döwletleriň guramasynyň söwda we ykdysadyýet ministrleriniň 13-nji mejlisi geçiriler. Oňa türkmen wekiliýetiniň hem gatnaşmagyna garaşylýar diýip, Türkiýäniň Söwda ministrligi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, mejlisiň dowamynda ygtyýarly ministrlikleriň wekilleri söwda, maýa goýum, logistika, gümrük, halal önümleriň senagaty, energetika we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar. Mejlise Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistanyň, Wengriýanyň we Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýetleri gatnaşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň