Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Tatarystanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Rifkat Minnihanow Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglandy

09:5611.10.2024
0
11516

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Rifkat Nurgaliýewiç Minnihanow Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşany bilen sylaglanyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 10-njy oktýabrda degişli Permana gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Permanda bellenilişi ýaly, bu çözgüt Rifkat Nurgaliýewiç Minnihanowyň Türkmenistanyň hem-de Tatarystanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljekki nesillere ýetirmekde bitiren hyzmatlary hem-de medeniýetleri ýakynlaşdyrmaga we baýlaşdyrmaga, türkmen we tatar halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge we özara bähbitli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandy nazara alnyp, şeýle hem türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň