Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Tagtabazar etrap aragatnaşyk bölüminiň täze edara binasy açylyp ulanmaga berildi

15:1819.09.2024
0
14761

«Marytelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň Tagtabazar etrap aragatnaşyk bölüminiň täze döwrebap edara binasy açylyp ulanmaga berildi. Bu bina etrap merkezine aýratyn gözellik berýär diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, 2 gatdan, 16 sany önümçilik we iş maksatly otaglardan ybarat bina sanly ulgamyň kämil enjamlary bilen üpjün edilipdir. Munuň özi etrabyň ýaşaýjylaryna aragatnaşyk hyzmatynyň dürli görnüşini ýokary hilli guramaga ýardam berer.

Döwrebap optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijileriň çekilmegi oba ýerlerinde amal edilýän işleriň-de hilini gowulandyryp, müşderilere hyzmatlary ýokary derejä galdyrmaga mümkinçilik açdy. Etrabyň Gulja, Ahal, Ak ýol, Daşköpri, Sandykgaçy, Üzümli geňeşliklerine, Ýeňiş obasyna, mahlasy, jemi ýedi ýere «GPON» enjamlary oturdyldy. Optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijileriniň çekilen ilatly nokatlarynda ýüzlerçe müşderi aragatnaşygyň täze hyzmatlaryndan peýdalanyp biler. Obalarda öňdebaryjy «HUAWEI» kompaniýasynyň ýokary tehnologiýaly, sanly ulgama daýanýan «GPON» enjamlary oturdyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň