Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan AHHG-niň Dolandyryş geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

14:0419.09.2024
0
4488
Türkmenistan AHHG-niň Dolandyryş geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
Surat: .newscentralasia.net

18-nji sentýabrda Astana şäherinde Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Dolandyryş geňeşiniň Gazagystanyň başlyklyk etmegindäki ilkinji mejlisi geçirildi. Bu barada Gazagystanyň Hökümetiniň metbugat gullugy habar berdi.

Çeşmäniň bellemegine görä, Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary K.Bozumbaýewiň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew, Gazagystanyň suw serişdeleri we irrigasiýa ministri N.Nurjigitow, AHHG-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy A.Orazbaý, Täjigistanyň Premýer-ministriniň orunbasary S.Ziýozoda, Özbegistanyň Prezidentiniň geňeşçisi Ş.Ganiýew hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Gazagystandaky ilçisi D.Dýuşekew dagy gatnaşdylar.

«Bize Aral deňziniň basseýninde suw we energiýa çeşmelerini özara peýdaly ulanmak üçin uzak möhletli mehanizm gerek. Şeýle hem Syrderýa we Amyderýa derýalarynyň basseýnlerinde energiýa we suwaryş gyzyklanmalaryny göz öňünde tutup, suw howdanlarynyň işi boýunça utgaşdyrylan çäreleri üpjün etmek zerurdyr. Suw we energiýa işgärleriniň arasynda göni aragatnaşyk suw joşmalary we gurakçylyk ýaly adaty bolmadyk howa şertlerinde utgaşdyrylan kararlary kabul etmäge mümkinçilik berer» diýip, Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary K.Bozumbaýew öz çykyşynda belledi.

Mejlisiň dowamynda gazak tarapy Iş meýilnamasyny teklip etdi. Resminama esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň we AHHG-niň prezidentiniň görkezmelerini ýerine ýetirmek hem-de gaznanyň gurluşyny we şertnama-hukuk binýadyny gowulandyrmak üçin 10 ugry we 40-dan gowrak çäräni öz içine alýar.

Ara alyp maslahatlaşmalardan soň mejlisiň kararlaryna gol çekmek we Gazagystanyň başlyklyk etmeginde AHHG-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň iş meýilnamasyny tassyklamak dabarasy geçirildi.

Ýeri gelende bellesek, Gazagystan AHHG-ä 2026-njy ýyla çenli başlyklyk eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň