Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Eco Market» dükany azyk we hojalyk himiýa önümleriniň giň assortimentini hödürleýär

12:2619.09.2024
0
15299

Indi Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna söwda etmek üçin ýene bir ajaýyp ýer — «Eco Market» dükany peýda boldy.

Bu ýerden müşderiler islendik mukdarda ter gök önümlerdir miweleri, dürli tagamly süýt önümlerini we peýnirleri tapyp bilerler. Et we balyk tagamlaryny halaýanlar üçin iň täze we ýokary hilli önümleriň hödürlenýän ýörite bölümi bar. Şeýle hem dükanda konditer önümleriniň köpdürli görnüşleri alyjylara ýetirilýär.

Öýüňizi has-da rahat we arassa gurşawa öwürmek üçin bolsa «Eco Market» dükanynda zerur önümleriň giň toplumyny özünde jemleýän hojalyk himiýasynyň bölümi göz öňünde tutulan.

«Eco Market» Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny önümleriň giň toparyna we hyzmatynyň ýokary hiline baha bermäge çagyrýar.

Dükan paýtagtyň 10-njy kiçi etrapçasyndaky «Dagbaşy» binasynyň birinji gatynda ýerleşýär. Iş wagty: 8:00-dan — 23:00-a çenli.

Telefon belgileri: (+993 65) 65 72 82, 13 13 02, 13 13 04. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Fotoreportaž: Aşgabatdaky “Eco Market”: harytlaryň köpdürli görnüşleri

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň