Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Wengriýa soňky onýyllykdaky iň güýçli sil joşgunlaryna taýýarlanýar

12:0819.09.2024
0
5350
Wengriýa soňky onýyllykdaky iň güýçli sil joşgunlaryna taýýarlanýar
Surat: rbc.ru

«Boris» deňiz harasatynyň günorta tarap süýşmegi bilen baglylykda, Wengriýa sil joşmalaryna ýokary derejede taýýarlyk görýär diýip, «euronews.com» habar berýär.

Budapeştiň häkimi Gergeli Karaçoni şäheriň soňky onýyllykda iň güýçli sil joşgunlary bilen ýüzbe-ýüz bolmak töwekgelligi barada belledi. Dunaý derýasynyň Budapeştiň çägindäki böleginde suwuň derejesi 8,5 metre ýetip biler.

Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň sözlerine görä, sil joşgunlaryna taýýarlyk işler ýurduň derýalarynyň 540 kilometrliginde alnyp baryldy, 200 kilometrlikde bolsa, howplulygyň üçünji derejesi yglan edildi.

Öňüni alyş çäresi hökmünde Dunaý bilen serhetleşýän Dor-Moson-Sopron we Komarom-Estergom uezdlerinde, şeýle-de derýanyň öwrümindäki etraplarda hereket çäklendiriler. Wengriýa bilen Çehiýanyň, Polşanyň we Germaniýanyň arasyndaky halkara demir ýol gatnawlaryna çäklendirme giriziler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň