Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory BAE-niň ilçisi bilen bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdy

13:2318.09.2024
0
5866

17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen-arap ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Alhaý Al-Hameliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda institutyň rektory institutda hereket edýän okuw we ylmy merkezleri barada, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar, özara bähbitli hyzmatdaşlyk barada giňişleýin gürrüň berdi. Mundan başga-da, bilim babatynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça birnäçe teklipler ara alyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň