Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Soltan» restorany: Hazaryň kenaryndaky tagam köpdürlüligi

10:2118.09.2024
0
6821

Awazadaky «Soltan» restorany diňe bir owadan ýerleşiş aýratynlygy bilen däl-de, eýsem ajaýyp tagamlara baý aşhanasy bilen hem meşhurdyr. Bu ýerde nusgawy Ýewropa tagamlaryndan başlap Gündogaryň asylly däbe öwrülen naharlaryna çenli dünýäniň dürli aşhanalarynyň tagamlaryndan lezzet alyp bilersiňiz.

Myhmanlara has oňaýy bolmagy üçin «Soltan»: esasy giň zaly, deňiz görnüşleri bolan açyk eýwan hem-de şahsy aýratynlygy halaýanlar üçin aýratyn burçlar ýaly dürli hili dynç alyş ýerlerini hödürleýär.

Şeýle köpdürlüligiň esasynda bolsa, «Soltanda» romantik agşamlyklardan — uly göwrümli oturylyşyklara çenli islendik dabarany gurap bilersiňiz.

Restoran diňe bir Awazada dynç alýanlary däl, eýsem Türkmenbaşy we Hazar ýaly beýleki şäherleriň ýaşaýjylaryny hem garşy alýar.

«Soltan» Awazanyň täze özboluşly gymmatlygyna öwrülmäge ymtylýar, şol sebäpden hem bu ýere gelýänlere haýran galdyryjy deňiz dynç alyş gurşawy bilen birlikde, ýatdan çykmajak aşhana tejribelerini hödürleýär.

Telefon belgileri: +993 (64) 69 44 44, +993 (243) 5 90 99, +993 (243) 5 90 80, +993 (243) 5 90 70, +993 (243) 5 90 60, +993 ( 243) 5 90 50.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň