Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýokary liga ― 2024-iň 300-nji goluny «Merwiň» futbolçysy geçirdi

09:2218.09.2024
0
466

23-nji tapgyrda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda möwsümdäki 300-nji gol geçirildi. Bu gol 14-nji sentýabrda «Köpetdag» ― «Merw» duşuşygynyň 90+5-nji minutynda myhman toparyň futbolçysy Toýly Goçnazarowyň geçiren goly boldy.

Şu möwsümdäki gollaryň sanynyň 300-e ýetmegi bilen statistika şeýleräk şekillendi:

  • «Arkadag» topary möwsümde 101 gol geçirip, gollaryň üçden birini öz hasabyna ýazdy.
  • «Altyn asyr» toparynyň 56 goly bar.
  • «Ahal» topary 45 gol bilen üçünji orunda.
  • «Şagadam» 27 gol, «Nebitçi» we «Aşgabat» bolsa 17 gol geçirdiler.
  • Marynyň «Merw» topary bary-ýogy 16 gol geçirip bildi.
  • «Köpetdag» topary 13 gol bilen soňky orunda barýar.

Möwsümiň ikinji ýarymyndan soň ýaryşdan çykan «Energetik» topary 8 gol geçirmegi başarypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň