Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol çempionatynda 24-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler

09:1818.09.2024
0
492

Şu gün, 18-nji sentýabrda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda 24-nji tapgyryň üç duşuşygy geçiriler. Bu tapgyrda «Altyn asyr» bilen «Aşgabat» duşuşygy, «Altyn asyryň» AFK-nyň ikinji derejeli Çempionlar ligasynyň birinji tapgyry üçin Yraga gitmegi sebäpli, başga güne geçirildi.

Duşuşyklaryň wagt tertibi bolsa şeýle bolar:

  • 16:30-da «Arkadag» bilen «Köpetdag» oýnuny geçirer.
  • 17:15-de «Şagadam» «Merw» bilen we «Nebitçi» «Ahal» bilen güýç synanyşar.

Häzirki wagtda «Arkadag» topary 63 utuk bilen çempionatyň birinji ornunda barýar. Eger «Ahal» topary «Nebitçiden» üstün çyksa, 46 utuk bilen «Altyn Asyr» topary bilen bilelikde ikinji orna geçer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň