Top.Mail.Ru

«Gerekli» marketpleýsine iPhone 16 we «Apple»-iň beýleki täze önümlerini öňünden sargyt edip bolýar

11:2316.09.2024
0
5464

«Gerekli» marketpleýsi «Apple» kompaniýasynyň täze önümlerini, şol sanda golaýda tanyşdyrylan iPhone 16 smartfonuny satyn almak üçin öňünden sargytlary kabul edip başlandygyny habar berýär. Bu Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna amerikan kompaniýasynyň täze dünýä belli önümleriniň ilkinji ulanyjysy bolmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Öňünden sargyt etmek üçin elýeterli bolan enjamlar şulardan ybarat:

iPhone 16: 128GB, 256GB, 512GB

iPhone 16+: 128GB, 256GB, 512GB

iPhone 16 Pro: 128GB, 256GB, 512GB, 1TB

iPhone 16 Pro Max: 256GB, 512GB, 1TB

Apple Watch Series 10 Aluminium GPS: 42mm, 46mm

Apple Watch Series 10 Aluminium Cellular

Apple Watch Series 10 Titanium Cellular: 42mm, 46mm

Apple Watch Ultra 2

Apple Watch Hermes Series 10: 42mm, 46mm

AirPods 4

AirPods 4 (işjeň ses sazlaýjyly)

AirPods Max (täze reňklerde)

«Gerekli» kompaniýasy deslapky sargyt üçin amatly şertleri hödürleýär. Müşderiler satyn alýan harydynyň bahasynyň 50%-ini öňünden tölemelidir. Sargyt resmileşdirilen mahaly satyn alyja inwoýs berilýär. Ähli önümleriň bir ýyllyk kepillik möhleti bilen gelýändigini bellemelidiris.

Smartfonlaryň assortimenti bilen şu salgylanma arkaly has giňişleýin tanşyp bilersiňiz.

Öňünden edilýän sargytlar 25-nji sentýabra çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň