Top.Mail.Ru

Eskişehriň ekin meýdanlarynda syrly çukurlar peýda boldy

17:1316.09.2024
0
4143
Eskişehriň ekin meýdanlarynda syrly çukurlar peýda boldy
Surat: daryo.uz

Türkiýäniň Eskişehr şäheriniň Çifteler etrabynyň obalyk ýerlerindäki günekabar ekilen meýdanlarda çuňlugy 20 metre golaý, diametri 5 metr bolan äpet çukur peýda boldy. Ony ekin meýdanynyň eýesi Erkan Jeýlan tapdy. Daýhan damjalaýyn suwaryş ulgamyny işletmek üçin ekin ýerine gelende, onuň üstünden bardy. Çukur şeýlebir uly welin, hatda oba hojalyk tehnikasyny hem çekip alyp biljek.

Bu Eskişehrde tapylan üçünji şeýle çukurdyr. Ýagdaý ýerli daýhanlary biynjalyk edýär diýip, «Daryo.uz» ýazýar.

Eger olar wagtynda görülmedik bolan bolsa, oba hojalyk tehnikalary gaçyp, adam janyna howp salyp bilerdi. Daýhanlar olar barada ýerli häkimiýetlere habar berdiler. Oba hojalyk we tokaý hojalygy ministrliginiň hünärmenleri çukurlaryň emele gelmeginiň sebäplerini öwrenýärler.

Deslapky çaklamalara görä, çukurlaryň emele gelmegine ýerasty suwlaryň gereginden artyk ulanmagy sebäp bolýar. Ady tutulan ministrligiň işgärleri şeýle çukurlaryň sebitde barha köp gabat gelýändigini aýdýarlar.

Şonuň üçin ministrlik suwy maksatnamalaýyn ulanmak barada çäreleri görmegi meýilleşdirýär, bu geljekde şeýle çukurlaryň döremeginiň öňüni alar hem-de daýhanlara has köp hasyl almaga ýardam eder.

Eskişehrde eýýäm etraplaryň altysy suwy çäkli ulanmak boýunça sanawa girizildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň