Top.Mail.Ru

Ilon Mask şahsy goragy üçin millionlarça dollar sarp edýär

13:3016.09.2024
0
3838
Ilon Mask şahsy goragy üçin millionlarça dollar sarp edýär
Surat: mir24.tv

Amerikaly işewür Ilon Mask her ýyl öz şahsy goragy üçin millionlarça dollar sarp edýär. Hemişe haýbat atmalardyr yzarlamalar sebäpli, Mask özüniň onsuzam uly goragyny has-da giňeltmek isleýär, onuň goragy eýýäm ýurduň gizlin gullugyny ýatladýar diýip, «MIR 24» ýazýar.

Milliarder indi janpenasyz hereket etmeýär, eger öň Maskyň ýanynda iki sany janpena bolan bolsa, indi howpsuzlyk gullugynyň 20-ä golaý ýaragly işgäri bar. Olar Maskyň barjak binasyny öňürti barlaýarlar.

Milliarderi işewür däl-de, döwlet baştutany ýaly goraýarlar. Bu barada Maskyň awtoulag kompaniýasynyň howpsuzlyk we içki resminama boýunça hünärmenlerine salgylanýan «The New York Times» neşiri habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň