Top.Mail.Ru

Habarlar agentlikleriniň Hazar bileleşigi dörediler

13:2716.09.2024
0
3377
Habarlar agentlikleriniň Hazar bileleşigi dörediler
Surat: tass.ru

Moskwa şäherinde geçirilen BRIKS guramasynyň Mediýasammitiniň çäklerinde Hazarýaka döwletleriň habarlar agentlikleriniň wekilleriniň duşuşygy guraldy. Bu barada «TASS» ýazýar.

Duşuşyga Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň, Azerbaýjanyň «AzerTAj», Eýranyň «IRNA», Russiýanyň «TASS»habarlar agentlikleriniň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Teleradiotoplumynyň wekilleri gatnaşdylar.

Gatnaşanlar Hazarýaka döwletleriň öňdebaryjy habar beriş serişdeleriniň arasynda köptaraplaýyn maglumat hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegiň möhümdigini göz öňünde tutup, Habarlar agentlikleriniň Hazar bileleşigini döretmek barada netijä geldiler.

Mundan başga-da, taraplar Bileleşigiň düzgünlerini işläp düzmek, indiki duşuşygyň wagtyny we ýerini kesgitlemek boýunça pikir alyşdylar. Şeýle-de Bileleşigiň çäginde maglumat hyzmatdaşlygynyň formatyny düzmek boýunça yzygiderli maslahatlar geçirmek barada ylalaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň