Top.Mail.Ru

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça dünýä çempionatynda altyn medala mynasyp boldy

05:1308.09.2024
0
48339

Türkmenistanly pälwan Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Ispaniýanyň Pontewedra şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda (U-20) altyn medala mynasyp boldy. Bu Türkmenistanyň taryhynda erkin göreş boýunça 20 ýaşa çenli pälwanlaryň arasynda gazanylan ilkinji altyn medaldyr.

Alp Arslan Begenjowyň çykyş eden 79 kilograma çenli agram derejesinde 28 türgen bäsleşdi. Ol ýaryşyň ähli tapgyrlaryny ynamly geçdi. Alp Arslan saýlama tapgyrda eýranly Mahdi Ýusufihajiwardan 10:0 hasabynda üstün çykdy.

Soňra ol şeýle hasap bilen ukrainaly Oleksandr Mamroşy ýeňmegi başardy. Çärýek finalda belarusly Dmitriý Lukaşçugy ýeňen (10:0) Alp Arslan ýarymfinalda hindistanly türgen Amit Amitadan 11:0 hasabynda üstün çykdy.

Begenjow final tutluşygynda hem ynamly ýeňiş gazandy. Ol amerikaly türgen Zakari D Raýderi 5:0 hasabynda ýeňdi. Bu agram derejesinde bürünç medallara Mahdi Ýusufihajiwar we braziliýaly Leandro Arauho mynasyp boldy.

Ýeri gelende bellesek, Alp Arslan Begenjow şu ýylda ajaýyp netijeleri görkezýär. Ol mart aýynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşda, iýun aýynda Iordaniýanyň Amman şäherinde geçirilen 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasyndaky Aziýanyň çempionatynda hem bürünç medallary eýeläpdi. Şeýle hem ezber türgen iýul aýynda Tailandyň Si-Raça şäherinde 20 ýaşa çenli türgenleriň arasyndaky geçirilen erkin göreş boýunça Aziýanyň çempionatynda altyn medala mynasyp bolupdy

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň