Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropada «Boris» deňiz tupany möwjeýär

09:0518.09.2024
0
646
Ýewropada «Boris» deňiz tupany möwjeýär
Surat: mir24.tv

Ýewropanyň merkezi böleginde suw joşgunlary sebäpli pida bolanlaryň sany 14 adama ýetdi. Bu barada Ýewropanyň habar beriş serişdelerine salgylanýan «MIR 24» habar berýär. Soňky maglumatlara görä, tebigy betbagtçylyk netijesinde Rumyniýada ýedi, Polşada bäş, Awstriýada bir adam heläk boldy.

Polşada gyssagly hökümet ýgnagy geçirildi, gark bolan etraplarda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. Çehiýada müň adam göçürildi, aýratyn hem Ýesenik şäheri ejir çekdi. Şähere Premýer-ministr Petr Fiala bardy.

Wengriýa hem tebigy hadysa garaşýar. Howa maglumaty gullugy Budapeşti güýçli sil joşmalary aralaşar diýip, çaklaýar. Munuň bilen baglylykda, ýurduň Hökümet başlygy Wiktor Orban ähli daşary ýurt saparlaryny ýatyrdy.

Awstriýada, Polşada, Wengriýada, Slowakiýada adamlar ýaşaýan öýlerinden göçürildi.

Çehiýada sil joşmalary sebäpli üç adam pida boldy, sekiz adam dereksiz ýitdi. Ýerli meteorologlar tebigy betbagtçylygyň esasy böleginiň geçendigini, emma ýagyşlaryň ýene birnäçe gün dowam etjekdigini çaklaýarlar.

«Boris» deňiz harasaty tutuş Ýewropa güýçli ýagyşlary alyp geldi. Derýalaryň, şol sanda Dunaý derýasynyň suwy ýokarlandy. Şeýle möçberdäki tebigy betbagtlyk sebitde 30 ýyl bolmandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň