Top.Mail.Ru

Astrahanda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy we Garaşsyzlygyň 33 ýyllygy mynasybetli sport çäresi geçirildi

10:2516.09.2024
0
8580

13-14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsullygynyň (Astrahan ş.) guramagynda «Газпром добыча Астрахань» medeni-sport merkezinde sportuň kiçi-futbol görnüşi boýunça Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan bäsleşik geçirildi. Bu barada konsullygyň metbugat gullugy «Turkmenportala» habar berdi.

Bäsleşige Astrahan we Stawropol sebitlerindäki hemişelik ýaşaýan türkmenleriň toparlary hem-de Astrahan şäheriniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmenistanly talyplardan ybarat topar gatnaşdylar.

Sport ýaryşynyň başynda konsul G.Ilamanow çykyş etdi. Diplomat öz çykyşynda Magtymguly Pyragynyň türkmenleriň milli medeniýetiniň kemala gelmegindäki tutýan orny, onuň şygyrlarynda öňe sürülýän hoşniýetli goňşuçylyk, agzybirlik, maşgala gymmatlyklarynyň beýikligi, watansöýüjilik ýaly ynsanperwer ýörelgeler barada aýratyn nyggtap geçdi.

Bellenilişi ýaly, bu sport ýaryşyny guramakdan we geçirmekden esasy maksat Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da berkitmek, sagdyn durmuş ýörelgesini, bedenterbiýe we sporty ösdürmek bolup durýar.

Dostlukly ýagdaýda geçirilen ýaryşyň netijelerinden soň ýeňiji bolan toparlara kubok we medallar gowşuryldy. Has tapawutly oýun görkezen oýunçylar «Iň gowy oýunçy», «Iň gowy hüjümçi», «Iň gowy derwezeçi» diýen atlar bilen sylaglandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň