Top.Mail.Ru

Türkmenistan Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynyň medal sanawynda ýedinji orny eýeleýär

17:5612.09.2024
0
8467

Ilkinji ýaryşlardan soň türkmenistanly türgenleriň Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryndaky medallarynyň sany 4-e çykdy. Olaryň biri altyn, ýene biri kümüş, ikisi bolsa bürünç medaldyr.

Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň resmi saýtynyň berýän habaryna görä, Türkmenistanyň guşakly göreş boýunça ýygyndysynyň türgeni, Türkmen döwlet maliýe institutynyň 2-nji ýyl talyby Annagurban Allaberdiýew alyş göreşi boýunça 90 kilogram agram derejesinde çykyş edip, altyn medal gazanmagy başardy.

Türkmen ýygyndysynyň kümüş medalyny bolsa Türkmenistanyň kuraş boýunça milli ýygyndysynyň türgeni, Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň 22-nji orta mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy Daýanç Omirow 81 kilogram agram derejesinde gazandy.

Şeýle hem ýaryşda Türkmenistanyň guşakly göreş boýunça ýygyndysynyň türgeni, Türkmenistanyň Içeri Işler ministrliginiň işgäri Silapberdi Nuryýew gazak göreşi boýunça 82 kilogram agram derejesinde, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň çagyryş boýunça harby gullukçysy Pälwan Gurbangeldiýew alyş göreşi boýunça 100 kilogram agram derejesinde bürünç medala mynasyp boldy.

Ýaryş dowam edýär. Türkmen ýygyndysy medallaryň sanawynda ýedinji orny eýeleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň