Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň futbol çempionatynda 23-nji tapgyryň esasy duşuşygy ätiýaçdaky güne geçirildi

18:0112.09.2024
0
7473

Ertir, 13-nji sentýabrda Aşgabatdaky «Nusaý» stadionynda geçiriljek «Aşgabat» ― «Arkadag» duşuşygy bilen futbol boýunça milli çempionatymyzyň Ýokary ligasynyň 23-nji tapgyryna badalga berler. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

Tapgyryň duşuşyklary 14-nji sentýabr güni ýene iki oýun bilen dowam eder. Şol gün paýtagtda «Köpetdag» «Merwi», Balkanabatda bolsa «Nebitçi» «Şagadamy» kabul eder. Tapgyrdaky «Ahal» ― «Altyn asyr» duşuşygy ätiýaçdaky günleriň birine geçirildi.

Ýokary ligada häzir «Arkadag» futbol topary 60 utuk bilen ýaryş tertibiniň başyny çekýär. Kümüş medal üçin göreş alyp barýan toparlardan «Altyn Asyryň» 46, «Ahalyň» 43 utugy bar.

TÝL ― 2024. 23-nji tapgyryň duşuşyklary

13.09.2024ý. (Anna)

«Aşgabat» — «Arkadag»

Geçirilýän ýeri: «Nusaý» stadiony (Aşgabat ş.)

Başlanýan wagty: 16:30

Duşuşygyň emini: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Kömekçi eminler: M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.), E.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: H.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.)

14.09.2024ý. (Şenbe)

«Köpetdag» — «Merw»

Geçirilýän ýeri: «Köpetdag» stadiony (Aşgabat ş.)

Başlanýan wagty: 17:00

Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), K.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Weliýew (Änew ş.)

Gözegçi emin: Ç.Gurbanow (Aşgabat ş.)

«Nebitçi» — «Şagadam»

Geçirilýän ýeri: «Sport toplumy» stadiony (Balkanabat ş.)

Başlanýan wagty: 17:30

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: B.Haknazarow (Aşgabat ş.), A.Begnazarow (Mary ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: Ş.Durdyýew (Aşgabat ş.)

«Ahal» — «Altyn asyr» ― ätiýaçdaky güne geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň