Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryş başlandy

13:5117.09.2024
0
1812

Paýtagtda badalga alan tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryşa Aşgabat, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndan 113 türgen ýygnandy.

13 ýaşly 59 oglan we 54 gyz gatnaşýan bu ýaryş «Aşgabat» köpugurly stadionynyň tennis meýdançalarynda geçirilýär.

39 ýaşly milli emin, halkara «Level 1» tälimçilik derejeli Ýewgeniý Molçanowyň baş eminliginde ýekelikde, jübütlikde we garyşyk ugurlarda Kubok ugrundaky ýaryşyň ýeňijileri kesgitlener.

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryş ýylyň iň möhüm ýaryşlaryň biridir, onuň netijesi boýunça ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň düzümi kesgitlener.

Ýaryş 22-nji sentýabrda tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň