Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky ilçihanasy sport ýaryşlaryny geçirdi

12:3316.09.2024
0
2388

Bişkekde Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan gurnalan sport çäresi geçirildi. Stol tennisi boýunça geçirilen ýaryş beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şygary astynda geçirildi diýip, diplomatik wekilhanadan «Turkmenportal»-a habar berildi.

Ýaryşa türkmen diasporasynyň wekilleri we Bişkekdäki ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar gatnaşdylar. Açylyş dabarasynda bu çäräniň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň daşary syýasy strategiýasynda möhüm orny eýeleýän sport diplomatiýasynyň bir bölegi bolup durýandygy nygtaldy. Bu strategiki ugruň maksady sporty wagyz etmek, sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak we ýurduň ýaş nesliniň döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmekden ybaratdyr.

Ýaryşyň ahyrynda ýeňijiler we gatnaşyjylar Türkmenistanyň ilçihanasynyň adyndan kuboklar, «Magtymguly Pyragy ― 300 ýyl» atly kitaplar we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň