Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýda güýzüň ortalanmagy baýram edildi

09:0118.09.2024
0
3773
Hytaýda güýzüň ortalanmagy baýram edildi
Surat: kitau.ru

Düýn hytaýlylar Güýzüň ortalanmagy baýramyny bellediler, ol Hytaýyň Täze ýylyndan (Bahar baýramy, Çunsze) soňra ikinji milli baýramdyr diýip, TASS habar berýär. Çžunsýusze baýramyny Aý senenamasy boýunça her sekizinji Aý aýynyň 15-ine belleýärler, bu ýyl ol 17-nji sentýabra gabat geldi.

Baýramçylyk dogan-garyndaşlaryň we ýakynlaryň bilen bellenýär, hemmeler bitewüligi hem-de maşgalanyň jem bolmagyny aňladýan dolan Aýy synlaýarlar. Taryhy taýdan bu baýram oba hojalyk işleriniň tamamlanyp, hasylyň ýygnalmagyny alamatlandyrýar. Çžunsýusze döwlet baýramy, şonuň üçin 15-17-nji sentýabr HHR-de iş güni däl.

Baýramyň esasy tagamy we sowgady ýuebin aý kökesidir. Ony adatça Aý şekilinde tegelek edip taýýarlaýarlar.

Şol gün köçelerde gyzyl çyralary ýakýarlar. Agşamlaryna hytaýlylar kagyzdan ýa-da matadan edilen, içinde uly bolmadyk şem ýerleşdirilen çyralary asmana uçurýarlar.

2008-nji ýylda Hytaýyň Hökümeti güýzüň ortalanmagy baýramynyny döwlet baýramy diýip tassyklady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň