Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Halkara Audit» bilim maksatnamalarynyň köpdürli görnüşini hödürleýär

16:3217.09.2024
0
6292

Aşgabatdaky «Halkara Audit» bilim merkezi gyzyklanýanlaryň ählisini uly häzirki wagtda uly isleg bildirilýän ugurlar boýunça okuwlary geçmäge çagyrýar. Merkezde çagalar we uly ýaşlylar üçin buhgalteriýa, dil we kompýuter okuwlaryny öz içine alýan köp sanly bilim maksatnamalary bar.

Merkez şu mümkinçilikleri hödürleýär:

- her bir öwrenijä özbaşdak çemeleşmek;

- sapaklaryň çeýe tertibi;

- uly iş tejribesi bolan ýokary hünärli mugallymlar;

- tölegsiz synag sapagyna gatnaşmak.

«Halkara Audit» bilimleri özleşdirmegi has täsirli we gyzykly edýän häzirki zaman okuw usulyýetlerini we tehnologiýalaryny ulanýar. Mundan başga-da, «Halkara Audit» bilim we zähmet bazaryndaky soňky tendensiýalara laýyklykda, bilim maksatnamalaryny yzygiderli täzeleýär.

Merkeziň täzeliklerini sosial media ulgamlary arkaly yzarlaň we (+993 62) 88 96 79 telefon belgisi arkaly habarlaşyp, okuwlara ýazylyň. Merkeziň wekilleri ähli soraglaryňyza jogap bermäge we size gerekli bolan okuw maksatnamasyny saýlap almaga ýardam etmäge taýýardyr.

«Halkara Audit» merkezi şu salgyda ýerleşýär: Atatürk köçesi, 82-nji jaý («Berkararyň» duralgasynyň ahyry), 2-nji gat.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň