Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň Germaniýanyň Federal Kansleri bilen duşuşygy boldy

12:2617.09.2024
0
2452

Şu gün Gazagystan Respublikasynda iş saparynda bolan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, ynanyşykly we özara hormat goýmak esasynda üstünlikli ösdürilýän netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Hökümetiniň ýolbaşçysyna Türkmenistan bilen GFR-iň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirip, «Merkezi Aziýa – Germaniýa» dialogynyň dowamynda Federal Kansler Olaf Şols bilen ikitaraplaýyn duşuşygyň türkmen-german gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

GFR-iň Hökümetiniň ýolbaşçysy türkmen-german gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi, şeýle hem alyp barýan parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty hem-de ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna öňe sürýän başlangyçlary netijesinde belent halkara abraýyna eýe bolan Türkmenistan bilen öz ýurdunyň netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Germaniýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli we uzak möhletleýin esasda ösdürilýändigini kanagatlanma bilen aýtdy. Bellenilişi ýaly, bu gatnaşyklar 90 sany dürli ylalaşyklary we şertnamalary öz içine alýan berk hukuk binýadyna esaslanýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow özara Ykdysadyýet günleriniň, işewürlik maslahatlarynyň we ykdysady sergileriň yzygiderli geçirilýändigini aýdyp, Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň hem-de German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitirýän hyzmatlaryny aýratyn belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň