Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Daşary işler ministrliginde brifing görnüşli halkara amaly maslahat geçirildi

09:4917.09.2024
0
4250

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde maýa goýum forumynyň hem-de Türkmenistanyň we Owganystanyň gatnaşmagynda energetika, elektroenergetika, ulag-aragatnaşyk desgalaryny işe girizmek, düýbüni tutmak dabaralarynyň netijeleri boýunça brifing görnüşli halkara amaly maslahat geçirildi. Oňa ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, 10-11-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen maýa goýum forumy ygtybarly we uly ykdysady kuwwata eýe bolan döwlet hökmünde Türkmenistanyň abraýyny nobatdaky gezek açyp görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, onuň dünýä jemgyýetçiligini, hususan-da, halkara maýa düzümlerini Türkmenistanyň maýa goýum, ykdysady mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmakdaky ähmiýeti bellenildi. Şeýle hem forum ýurtda maýa goýumlary çekmek üçin döredilen şertler bilen tanyşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Türkmenistanyň hem Owganystanyň gatnaşmagynda energetika, elektroenergetika, ulag-kommunikasiýa desgalarynyň işe girizilmegi we düýbüniň tutulmagy türkmen döwletiniň ägirt uly taslamalary durmuşa geçirmekdäki mümkinçiliklerini bütin dünýä subut etdi. Bu möhüm ähmiýetli taslamalar diňe bir oňa gatnaşyjy ýurtlaryň däl-de, eýsem, tutuş sebitiň döwletleriniň durmuş-ykdysady ösüşine hem oňyn täsir eder.

Iri taslamalaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisi we demir ýol ulgamlary aýratyn orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, bu taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň diňe iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine däl, sebitdäki beýleki goňşy döwletleriň we halklaryň durmuş-ykdysady ulgamynyň kämilleşmegine hem goşant boljakdygy nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň