Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow oba hojalygy boýunça iş maslahatyny geçirdi

09:4717.09.2024
0
3726
Serdar Berdimuhamedow oba hojalygy boýunça iş maslahatyny geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurduň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarynda alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, iş maslahatynda häkimler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabatlary berdiler.

Hasabatlarda aýdylmagyna görä, häzirki wagtda welaýatlarda pagta ýygymy alnyp barylýar. Möwsümde pagta ýygyjy kombaýnlar we beýleki tehnikalar netijeli işledilýär. Ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Şeýle-de ekerançylyk meýdanlarynda bugdaý ekişi guramaçylykly dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar.

Güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinler ekilen meýdanlarda ideg etmek we ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri geçirilýär.

Häkimler Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hem hasabatlary berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň ýokary hilli, guramaçylykly geçirilmeginiň zerur talapdygyny belledi we bu babatda häkimlere anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany häkimlere şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew hem ýurtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hasabatda häzirki wagtda welaýatlarda güýzlük azyklyk ekinlere ideg etmek işleriniň hem alnyp barylýandygy, Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda bolsa hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleriniň dowam edýändigi hakynda-da aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de wise-premýere olaryň ýokary guramaçylykly geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, jogapkärli möwsümiň — bugdaý ekişiniň gyzgalaňly dowam edýändigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlarda bugdaý ekişiniň alnyp barlyşyna gündelik gözegçilik etmegi, bugdaý meýdanlarynda tagt we gögeriş suwuny wagtynda tutmagy, ekişde tehnikalaryň we gurallaryň doly güýjünde işledilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany welaýatlarda pagta ýygymynyň depginini has-da güýçlendirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur çäreleriň görülmegini, ýygym möwsüminde kombaýnlaryň, awtoulaglaryň we beýleki tehnikalaryň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, harmanhanalaryň doly güýjünde işledilmegini, pagtaçylar üçin zerur bolan iş we durmuş şertleriniň döredilmegini tabşyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda güýzlük ýeralma, gök we beýleki ekinlere agrotehniki kadalara laýyk ideg etmek, ýetişdirilen hasyly zaýasyz ýygnap almak üçin ähli zerur bolan guramaçylyk işlerini geçirmek babatda tabşyryklary berdi.

Şeýle-de döwlet Baştutany welaýatlarda ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyna gowy taýýarlyk görmegi hem-de şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň