Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi

22:3313.09.2024
0
9303
Serdar Berdimuhamedow nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisiň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.

Ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen, kanunçylyk namalarynyň birnäçesine, hususan-da, raýat-hukuk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, şeýle hem administratiw hukuk bozulmalary, salgytlar, awtomobil ulagy bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizilýär.

Mejlisiň Başlygy ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli geçiriljek ählihalk maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada hem aýtdy. Bu ugurdaky işleriň Halk Maslahatynyň Diwany, Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde alnyp barylýandygy bellenildi. Daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalaryň parlamentleri bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäklerinde geçirilen duşuşyklar, deputatlaryň gatnaşýan çäreleri, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde edýän çykyşlary barada hem aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow täze kanun taslamalary işlenip taýýarlananda olaryň kämil, döwrebap bolmagyny gazanmagyň zerurdygyny belledi.

"Bu kanunlar döwletimiziň alyp barýan netijeli syýasatyny görkezmelidir, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga şert döretmelidir" diýip, döwlet Baştutany aýtdy we bularyň ählisini halk köpçüligine düşündirmek işlerini dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady.

Soňra wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, daşary syýasat, halkara gatnaşyklar, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň