Russiýaly meşhur žurnalist Nikolaý Swanidze 70 ýaşynda Moskwada aradan çykdy. Onuň soňky ýyllardan agyr keselden – beýniniň işemiýasyndan ejir çekendigi habar berilýär diýip, «Interfax.ru» ýazýar.
Swanidze 1955-nji ýylyň 2-nji aprelinde Moskwada doguldy, 1977-nji ýylda Moskwa Döwlet uniwersitetiniň taryh bölümini tamamlady.
Dürli ýyllarda žurnalistika ugrundan ýokary okuw mekdepleriniň kafedra müdiri we ýolbaşçy wezipelere işledi. 1991-nji ýyldan başlap rus teleýaýlymlarynda we radioda işledi, taryh barada telgepleşikleri alyp bardy, kitaplar ýazdy. Hukuk goraýyş işi bilen meşgullandy.
Ol şeýle-de RF-niň Jemgyýetçilik palatasynyň agzasy, ýurduň taryhynyň galplaşdyrylmagyna göreş boýunça geňeşiň agzasy boldy. Adam hukuklary boýunça Geňeşiň düzümine girdi.
Nikolaý Swanidze birnäçe döwlet baýraklarynyň eýesidir.