Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Yupekchi» kompaniýasynyň BOLD «Mango kokos» içgisi indi ulaldylan göwrümde elýeterlidir

14:0113.09.2024
0
9284

«Yupekchi» kompaniýasy meşhur BOLD «Mango kokos» içgisiniň setirini giňeltdi we ony täze, 500 ml ulaldylan göwrümde hödürledi. Bu çözgüt içginiň ýakymly tagamyna we peýdaly aýratynlyklaryna ýokary baha berýän sarp edijileriň isleginiň artmagy netijesinde kabul edildi.

BOLD «Mango kokos» diňe bir tropiki tagamy bilen begendirmän, eýsem, B6 we C witaminleri bilen baýlaşdyrylandyr, bu bolsa ony diňe bir tagamly etmän, suwsuzlygy gandyrmak üçin peýdaly içgä öwürýär. B6 witamini bedende madda alyş-çalşygy üçin we nerw ulgamynyň saglygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir, C witamini bolsa antioksidant häsiýetleri we immuniteti güýçlendirmek ukyby bilen bellidir.

Içginiň düzümine girýän mangonyň ekstraktynyň birnäçe peýdaly häsiýetleriniň bardygyny bellemek gerek. Manga antioksidantlara baýdyr hem-de düzüminde A we E witaminlerini saklaýar.

Içginiň gaplamasynyň ajaýyp dizaýny aýratyn ünsi çekýär. Ol özüne çekiji mämişi we gök reňklerde ýerine ýetirilip, dükanyň tekjelerinde beýleki önümlerden tapawutlanýar we ünsüňi çekýär.

«Yupekchi» kompaniýasy sarp edijileriň isleglerini kanagatlandyrýar we amatly görnüşde tagamly içgileri hödürläp, önümlerini yzygiderli kämilleşdirýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • salgysy: Aşgabat, Atatürk köç., «Berkarar» işewürlik merkezi, ofis Z1;
  • elektron poçta: info@yupekchi.com;
  • telefon: (+993 56) 65 03 65;
  • web-saýt: yupekchi.com;
  • sosial ulgadaky sahypasy; TikTok.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň